“Alibaba Group” kompaniýasyny esaslandyryjylaryň biri Jek Ma emeli aň pudagyndaky meýilnamalaryny ilerletmek maksady bilen, soňky günlerde kompaniýanyň 76 million dollardan gowrak paýnamasyny satyn aldy. «Bloomberg» agentliginiň habar berşi ýaly, bu ädim kompaniýanyň gymmatly kagyzlarynyň biržadaky nyrhlarynyň peselen döwrüne gabat geldi. Şol amatly pursatdan peýdalanan Jek Ma arzanladylan bahadan köp mukdarda paýnama satyn alyp, bu söwda üçin 600 million gonkong dollaryndan gowrak serişde sarp etdi.

Şeýle hem “Alibaba”-nyň direktorlar geňeşiniň başlygy Jo Saý we baş direktory Eddi Wu dagy her biri azyndan 20 million dollarlyk paýnama satyn alyp, bu başlangyja goldaw berdiler. Kompaniýa üç ýylyň dowamynda emeli aň ulgamyny, şol sanda çipleri, maglumat merkezlerini we uly dil modellerini ösdürmäge 56,5 milliard dollardan gowrak serişde sarp etmegi meýilleşdirýär. Emeli aň üçin edilýän uly çykdajylar we ýurt içindäki islegiň peselmegi kompaniýanyň girdejilerine täsir etse-de, hünärmenler bulut hyzmatlarynyň we emeli aňyň geljekde esasy girdeji çeşmesi boljakdygyny bellediler. Maýadar Maýkl Býurri kompaniýanyň täze gymmatly kagyzlary çykarmak kararyny tankytlap, paýnamalaryň aşa ýokary bahalandyrylýandygyny mälim eden hem bolsa, seljerijileriň köpüsi “Alibaba”-nyň geljeginiň uludygyna ynam bildirýärler.