23-nji awgustda Daşkentde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň gatnaşmagynda Ýokary döwletara geňeşiniň üçünji mejlisi geçirildi. Duşuşygyň jemleri boýunça döwlet Baştutanlary tarapyndan Ebedi dostluk hakyndaky taryhy şertnama gol çekildi. Bu resminama iki ýurduň köpugurly hyzmatdaşlygyny täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga we uzak möhletli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hyzmat eder.
Mejlisiň barşynda taraplar özara söwda dolanyşygyny artdyrmak we maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça giň möçberli maksatlary kesgitlediler. Hususan-da, 2030-njy ýyla çenli ikitaraplaýyn söwda dolanyşygyny 1 milliard amerikan dollaryna ýetirmek esasy wezipe hökmünde kesgitlenildi. Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylda özara söwda möçberi 795 million dollara ýetip, öňki ýyl bilen deňeşdirilende, ep-esli artdy. Taraplar şeýle hem energetika, geologiýa, himiýa senagaty, gurluşyk, maliýe sektory we oba hojalygy ulgamlarynda bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar Transhazar Halkara ulag geçelgesi (Orta geçelge) boýunça ýük daşalmagyny köpeltmäge we logistika infrastrukturasyny gowulandyrmaga aýratyn üns berdiler. Hazar deňzinde bilelikdäki floty döretmek boýunça işleri işjeňleşdirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem Azerbaýjan, Gazagystan we Özbegistan öz energiýa ulgamlaryny birikdirmek hem-de dikeldilýän energiýa çeşmelerinden öndürilýän arassa elektrik energiýasyny Hazar deňziniň üsti bilen Azerbaýjana, ondan soňra bolsa Ýewropa bazarlaryna ibermek üçin «ýaşyl» energetika geçelgesini döretmek ugrunda bilelikde işleýärler.
Saparyň çäklerinde Medeniýet, Syýahatçylyk, Daşary işler we Adalat ministrlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk, şeýle-de şäherleri doganlaşdyrmak boýunça birnäçe möhüm ylalaşyklara gol çekildi. Hususan-da, FIFA-nyň
2025-nji ýyldaky kararyna laýyklykda,
2027-nji ýylda futbol boýunça ýaşlaryň arasyndaky (U-20) Dünýä çempionatyny Özbegistan bilen Azerbaýjanyň bilelikde geçirmegi ýurtlaryň sport pudagyndaky hyzmatdaşlygynyň aýdyň subutnamasy boldy. Şeýle hem Täze Daşkent şäherinde Nyzamy adyndaky Milli pedagogik uniwersitetiniň täze kampusynyň açylmagy we Azerbaýjan seýilgähiniň düýbüniň tutulmagy iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň täze tapgyryny görkezýär.
PDF







