21-nji aw­gust­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş sek­re­ta­ry we­zi­pe­si­ne saý­law­la­ryň çä­gin­de ge­çi­ri­len ikin­ji des­lap­ky ses be­riş­li­giň ne­ti­je­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da, Ga­ýa­na­nyň we­ki­li Ke­ro­lin Rod­ri­ges-Bir­kett bäs­deş­le­rin­den öňe ge­çip, gu­ra­ma­nyň ag­za­la­ryn­dan iň köp gol­da­wy ga­zan­dy.Howp­suz­lyk Ge­ňe­şi­niň ýa­pyk ýag­daý­da ge­çi­ren bu ses be­riş­li­gin­de onuň bu we­zi­pä­ni eýe­le­me­gi­ni gol­dap 8 ag­za çy­kyş eden bol­sa, 3 ag­za gar­şy çyk­dy we 4 ag­za sak­lan­dy.
Şeý­le hem BMG-niň Söw­da we ösüş kon­fe­ren­si­ýa­sy­nyň (ÝUNK­TAD) Baş sek­re­ta­ry Re­be­ka Grins­pan hem-de Hal­ka­ra atom ener­gi­ýa­sy agent­li­gi­niň (MA­GA­TE) ýol­baş­çy­sy Ra­fa­el Gros­si 7 gol­daw se­si­ni al­dy­lar. Sa­naw­da bu li­der­ler­den soň­ra Se­ne­ga­lyň öň­ki Pre­zi­den­ti Ma­ki Sal, ugan­da­ly sy­ýa­sat­çy Ola­ra Otun­nu, ek­wa­dor­ly sy­ýa­sy iş­gär Ma­ri­ýa Fer­nan­da Es­pi­no­sa Gar­ses we Çi­li­niň öň­ki Pre­zi­den­ti Mi­şel Ba­çe­let ýer­leş­di­ler.
Bu des­lap­ky ses be­riş­lik­le­r Howp­suz­lyk Ge­ňe­şi­niň ag­za­la­ry ta­ra­pyn­dan giz­lin býul­le­ten­ler ar­ka­ly ama­la aşy­ryl­ýar. Dip­lo­ma­tik çeş­me­le­riň bel­leý­şi ýa­ly, bu saý­law tap­gy­ry gel­jek­ki ýol­baş­çy­ny saý­la­mak ug­run­da­ky bäs­le­şi­giň esa­sy ugur­la­ry­ny we bäs­deş­le­riň ara­syn­da­ky güýç­le­riň de­ňag­ram­lyly­gy­ny açyp gör­kez­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Bu ýa­pyk ses be­riş­lik­ler ar­ka­ly ag­za döw­let­ler öz ga­ra­ýyş­la­ry­ny we ba­ha be­riş­le­ri­ni giz­lin ýag­daý­da be­ýan ed­ýär­ler.
Hal­ka­ra syn­çy­la­ryň bel­leý­şi ýa­ly, Baş sek­re­ta­ry saý­la­mak ug­run­da­ky bäs­le­şik bar­ha gyz­ga­laň­ly ýag­daý­da do­wam ed­ýär. BMG-niň hä­zir­ki Baş sek­re­ta­ry An­to­niu Gu­ter­ri­şiň ikin­ji we soň­ky yg­ty­ýar­lyk möh­le­ti­niň şu ýy­lyň 31-nji de­kab­ryn­da ta­mam­lan­ýan­dy­gy se­bäp­li, gu­ra­ma tä­ze ýol­baş­çy­ny saý­la­mak ug­run­da­ky taý­ýar­lyk iş­le­ri­ni do­wam et­dir­ýär.