Kaliforniýa ştatynda geçirilen nobatdan daşary saýlawlaryň netijesinde, Aýşa Wahab ABŞ-nyň Kongresine saýlanan asly owgan bolan ilkinji syýasatçy hökmünde taryha girdi. Ol bäsleşikde garşydaşy Melissa Ernandesi ýeňlişe sezewar edip, ýanwar aýyna çenli Wekiller palatasynda Kaliforniýa ştatynyň 14-nji saýlaw okrugyndan wekilçilik eder. Bu möhüm waka öňki wekil Erik Suollweliň wezipesinden çekilmegi bilen baglanyşykly ýüze çykdy.
Saýlawda ýeňiş gazanandan soň çykyş eden Aýşa Wahab çagalar öýünden Kongrese çenli geçen ýolunyň amerikan arzuwynyň hakykatdygyny subut edýändigini belläp, özüni ýetişdiren bu okrugyň bähbitleri ugrunda yzygiderli göreşjekdigini mälim etdi. Aýşa Wahab we Melissa Ernandes 14-nji okrugyň iki ýyllyk möhletli wekilini saýlamak maksady bilen, noýabr aýyndaky esasy saýlawlarda ýene-de birek-birege garşy bäsleşer.
1987-nji ýylda Nýu-Ýork ştatynyň Kuins şäherinde Owganystandan gelen bosgunlaryň maşgalasynda dünýä inen Aýşa Wahab çagalyk ýyllarynda dürli kynçylyklary başdan geçirýär. Ene-atasynyň aradan çykmagy sebäpli ýetim galan Aýşany Kaliforniýa ştatynyň Frimont şäherinde ýaşaýan owgan maşgalasy öz howandarlygyna alyp terbiýeleýär. Aýşa San-Hose uniwersitetiniň syýasat ylymlary fakultetini tamamlandan soň syýasy ýola gadam basýar.
PDF







