Ulan-Batorda BMG-niň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça konwensiýasynyň gatnaşyjylarynyň maslahatynyň 17-nji sessiýasy (COP17) ýokary guramaçylykly geçirilip, netijeli ylalaşyklar bilen tamamlandy. 17-nji awgustda başlanan we 12 günüň dowamynda «Ýerleri dikeldýäris, umydy janlandyrýarys» diýen baş şygar astynda guralan giň gerimli halkara forum dünýä ýurtlarynyň topragyň hilini ýokarlandyrmak, gurakçylyga hem-de çölleşmä garşy göreşmek, şeýle hem ýeri durnukly dolandyrmak boýunça bilelikdäki tagallalaryny birleşdirdi.
Halkara maslahatda topragyň degradasiýasynyň ählumumy azyk howpsuzlygyna, suw üpjünçiligine we ilatyň ýaşaýyş-durmuş çeşmelerine edýän täsirleri giňden ara alnyp maslahatlaşyldy. Ministrler derejesindäki duşuşyklarda, köptaraplaýyn forumlarda hem-de ylym bilen syýasaty utgaşdyrmaga bagyşlanan ýörite sessiýalarda 2030-njy ýyla çenli ýer degradasiýasynyň bitaraplygyna ýetmek ugrunda möhüm ädimler ädildi. BMG tarapyndan yglan edilen «Halkara öri meýdanlary we çarwa maldarçylygy ýylynyň» çäklerinde guralan sammitde ekoulgamlary dikeltmek, maliýeleşdirmek üçin täze çeşmeleri tapmak we ýer eýeçiliginiň netijeli ulgamlaryny kämilleşdirmek boýunça anyk çäreler kesgitlenildi.
Konwensiýa agza 197 ýurtdan, şol sanda Ýewropa Bileleşiginin wekillerinden ybarat köp sanly wekiliýetiň gatnaşmagynda geçen duşuşykda Mongolýanyň «Milliard agaç» milli hereketi, «Suw – Ýer» sebit hyzmatdaşlygy we «Sähra gün tertibi» ýaly ekologik başlangyçlar dünýä jemgyýetçiliginiň goldawyna eýe boldy. Şeýle hem, forumyň çäklerinde kabul edilen Ulan-Bator jarnamasy ýerli dolandyryş edaralarynyň we ýerli jemgyýetleriň çölleşmä garşy göreşde goşant goşmagyny üpjün eder. Forumyň açylyş dabarasynda milli medeniýetiň gadymy däpleri taryhy tanslar we sungat çykyşlary arkaly giňden wasp edildi, bu bolsa ýurtlaryň medeni mirasynyň tebigaty goramakdaky ähmiýetini ýene bir gezek tassyklady.
Sammitiň dowamynda raýat jemgyýetiniň wekilleriniň we çarwa jemgyýetleriniň bähbitlerini goramaga gönükdirilen çykyşlar hem üns merkezinde boldy. Olar däbe öwrülen bilimleriň we ýerli tejribeleriň ekologik deňagramlylygy saklamakda möhüm ornuny belläp, bu ugurda döwletleriň we halkara guramalaryň bilelikde hereket etmelidigini öňe sürdüler.
Şu gün resmi ýagdaýda tamamlanan bu taryhy ähmiýetli duşuşyk adamzadyň durnukly geljegini, ýer ätiýaçlyklaryny gorap saklamagy we tebigatyň ekologik abadançylygyny üpjün etmekde täze sepgitleri açýan möhüm kararlaryň kabul edilmegi bilen taryha girdi.
PDF







