Nor­we­gi­ýa­nyň An­de­nes oba­syn­da 2027-nji ýy­lyň iýun aýyn­da açyl­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­ýän tä­ze «The Wha­le» (Kit) at­ly te­bi­gy-ta­ry­hy mu­ze­ý ýur­duň de­mir­ga­zyk ke­nar­ýa­ka­sy­nyň esa­sy sy­ýa­hat­çy­lyk mer­ke­zi­ne öw­rü­ler. Da­ni­ýa­ly bi­na­gär Dor­te Mand­rup ta­ra­pyn­dan tas­la­nan we daş-tö­we­rek­dä­ki te­bi­gy land­şaf­ta kem­siz la­ýyk gel­ýän bu tä­sin bi­na­nyň üs­tü­ne çy­kyp, At­lan­tik um­ma­ny­nyň we dag­lyk­la­ryň haý­ran gal­dy­ry­jy gi­ňiş­lik­le­ri­ne syn et­mek bo­lar. Pe­tek­le­riň sa­tu­wy­na şu ýy­lyň güý­zün­de baş­lan­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar, onuň ulu­lar üçin ba­ha­sy 540 nor­weg kro­nu­na deň (tak­my­nan, 49 ýew­ro) bo­lar.
Dün­ýä­niň iň uly süý­dem­di­ri­ji­le­ri­ne ba­gyş­la­nan bu des­ga­da ylym, sun­gat we bi­na­gär­lik öza­ra ut­gaş­dy­ry­lyp, ser­gi ýer­le­ri dür­li tä­sir edi­ji zo­lak­la­ra bö­lün­di. Mu­zeý­de de­ňiz süý­dem­di­ri­ji­le­ri­niň te­bi­gy ulu­lyk­da­ky agaç heý­kel­le­ri, dün­ýä­dä­ki kit­le­riň 90 gör­nü­şi­ni öz içi­ne al­ýan ga­le­re­ýa, ola­ryň ana­to­mi­ýa­sy­ny öw­ren­mä­ge ni­ýet­le­nen bö­lüm­ler hem-de um­man çuň­lu­gy­ny jan­lan­dyr­ýan ses we ýag­ty­lyk gur­şa­wy dö­re­dil­di. Şeý­le hem ýö­ri­te ser­gi­ler­de bu jan­dar­lar bi­len adam­la­ryň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­lar, se­na­gat de­re­je­sin­dä­ki aw­çy­ly­gyň ýe­tir­ýän zy­ýa­ny we oňa gar­şy gö­reş çä­re­le­ri giň­den be­ýan edil­ýär.
Sy­ýa­hat­çy­lar mu­ze­ýe ba­ryp gör­mek bi­len çäk­len­män, eý­sem, Pol­ýar te­ge­le­gin­den 300 ki­lo­metr de­mir­ga­zyk­da ýer­leş­ýän bu se­bit­de öz bi­lim­le­ri­ni tej­ri­be­de sy­nag­dan ge­çi­rip bi­ler­ler. An­de­nes oba­sy ýy­lyň do­wa­myn­da kit­le­ri syn­la­mak üçin iň amat­ly ýer­le­riň bi­ri bo­lup, «M/S Rei­ne» gä­mi­sin­de gu­ral­ýan 3-4 sa­gat­lyk ýö­ri­te ge­ze­lenç­le­riň ba­ha­sy 1690 nor­weg kro­nu­na (tak­my­nan, 154 ýew­ro) ba­ra­bar­dyr. Mun­dan baş­ga-da, bu ýer­de ke­nar­ýa­ka te­bi­gy gö­zel­lik­le­r­den lez­zet alyp, Roý­ken da­gy­nyň tö­we­re­gin­dä­ki ýol ar­ka­ly py­ýa­da ge­zip ýa-da Mol­tin­den da­gy­na çy­kyp bo­lýar. Şeý­le hem sy­ýa­hat­çy­lar öz­bo­luş­ly mil­li ta­gam­la­ry hö­dür­le­ýän «Ar­res­ten» res­to­ra­ny­na ba­ryp bi­ler­ler.