“Microsoft”-yň esaslandyryjysy Bill Geýts işgärleri maşynlar bilen çalşyrmagyň öňüni almak üçin emeli aň we robotlara ýörite salgyt girizmegi hem-de çagalara ideg we kazyýet ýaly käbir hünärlerde adam zähmetini hökmany saklap galmak üçin «adam goraghanalaryny» döretmegi teklip etdi. Ol bu çäreleriň zähmet bazaryndaky basyşy gowşatjakdygyny, emeli aňyň bolsa diňe bilim we lukmançylyk ýaly pudaklarda arzanladyş hem-de ösüş üçin ulanylmalydygyny belledi.
PDF








