Şu ýylyň sentýabr aýynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäreleri we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralary geçiriler.
Geljek aýyň dowamynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli dürli dabaralaryň, sergileriň, maslahatlaryň hem-de wagyz-nesihat çärelerini, yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemini jemlemek dabaralarynyň, teatrlarda täze sahna oýunlarynyň ilkinji görkezilişleriniň guralmagy, “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň, “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyrlarynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli döwlet sylaglaryna mynasyp bolanlara sylaglaryň gowşurylyş dabaralarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasynyň, sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şeýle hem şanly sene mynasybetli Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasynyň, welaýatlaryň, Arkadag şäheriniň baş baýdak meýdançalarynda Döwlet baýdagynyň galdyrylyş dabarasynyň, Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada dabaraly ýörişiň, konsertiň, Aşgabat atçylyk sport toplumynda baýramçylyk at çapyşyklarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň döwrebaplaşdyrylan Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Bu barada 28-nji awgustda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa hasabat berdi.
PDF








