28-nji aw­gust­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow san­ly ul­gam ar­ka­ly Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň no­bat­da­ky mej­li­si­ni ge­çir­di. On­da döw­let dur­mu­şy­na de­giş­li bir­nä­çe me­se­le­le­re se­re­dil­di.
Mej­lis­de Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry H.Gel­di­my­ra­dow Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň yk­dy­sa­dy Ge­ňe­şi­niň no­bat­da­ky mej­li­si­ni ge­çir­mä­ge gö­rül­ýän taý­ýar­lyk iş­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, şu ýy­lyň sent­ýab­ryn­da paý­tag­ty­myz­da GDA-nyň yk­dy­sa­dy Ge­ňe­şi­niň 111-nji mej­li­si­ni gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek bo­ýun­ça de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Mej­li­siň gün ter­ti­bi­ne la­ýyk­lyk­da, onuň ki­çi dü­züm­dä­ki bö­lü­min­de GDA gat­na­şy­jy döw­let­le­riň ara­syn­da yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni, şol döw­let­le­riň çäk­le­rin­de hal­ka­ra gat­naw­lar­da da­şa­ma­lar ama­la aşy­ry­lan­da ulag howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek stra­te­gi­ýa­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça 2026 — 2030-njy ýyl­lar üçin çä­re­le­riň me­ýil­na­ma­sy­ny, ge­ňe­şiň in­di­ki mej­li­si­ni ge­çir­mek bi­len bag­ly me­se­lä­ni ara alyp mas­la­hat­laş­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. Gi­ňiş­le­ýin dü­züm­dä­ki bö­lüm­de Döw­le­ta­ra stan­dart­laş­dyr­mak, met­ro­lo­gi­ýa we ser­ti­fi­kat­laş­dyr­mak ge­ňe­şi­niň 2023 — 2026-njy ýyl­lar­da­ky işi hem-de Ar­ka­la­şy­ga gat­na­şy­jy döw­let­le­riň ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly se­na­gat pu­dak­la­ry üçin äh­mi­ýet­li bo­lan se­riş­de­le­ri ön­dür­mek ba­bat­da hyz­mat­daş­ly­gy­ny ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­nyň hem-de ony dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça çä­re­le­riň me­ýil­na­ma­sy­nyň tas­la­ma­la­ry bi­len bag­ly me­se­le­le­re ga­ra­mak göz öňün­de tu­tul­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra gu­ra­ma­lar, şol san­da Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry alyp bar­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz wi­se-prem­ýe­re Aş­ga­bat şä­he­rin­de Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň yk­dy­sa­dy Ge­ňe­şi­niň no­bat­da­ky mej­li­si­ni gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mä­ge go­wy taý­ýar­lyk gör­me­gi tab­şyr­dy.