Bilimler we talyp ýaşlar gününe hem-de 2026-2027-nji täze okuw ýylyna bagyşlanyp dürli dabaralar guralar. Garaşsyzlyk binasynyň öňünde, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde, Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdepde çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.
Täze okuw ýylynyň ilkinji okuw sapagy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýen şygar bilen geçiriler. Okuw sapaklarynda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasaty giňişleýin beýan edilip, Garaşsyz Watanymyzyň 35 ýylda ýeten sepgitleri, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesiller üçin döredilýän giň mümkinçilikler barada täsirli söhbetler ediler. Diýarymyzyň 1-nji synp okuwçylarynyň ählisine döwlet Baştutanymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgat hökmünde “Bilimli” noutbuk kompýuterleri dabaraly ýagdaýda gowşurylar. Häzirki wagtda Aşgabat şäherinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 5 müň orunlyk binalar toplumynyň, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 5 müň orunlyk binalar toplumynyň açylyş dabaralaryny geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bilimler baýramynda Ahal welaýatynda 960 orunlyk orta mekdebi, 320 orunlyk çagalar bagyny, Daşoguz welaýatynda 240 orunlyk çagalar bagyny, Lebap welaýatynda 1 müň orunlyk 2 sany orta mekdebi dabaraly ýagdaýda açmak meýilleşdirilýär.
Bu barada 28-nji awgustda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow Bilimler we talyp ýaşlar gününe hem-de 2026-2027-nji täze okuw ýylyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
PDF








