28-nji awgustda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmek boýunça bir aýlyk çäreleri geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy. Bellenilişi ýaly, bu çäreleriň esasy maksady paýtagtymyzda, welaýatlarda ulaglaryň gatnawlaryny kadalaşdyrmakdan, pyýada ýolagçylaryň, sürüjileriň ýol hereketiniň kadalary baradaky düşünjesini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, her ýylyň sentýabr aýynda ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygynyň geçirilýändigini, bu çäräniň ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda möhüm ähmiýete eýe bolýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça nobatdaky çäräni guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.
PDF








