28-nji aw­gust­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da tä­ze bel­le­ni­len Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si Şe­ner Je­be­ji­ni ka­bul et­di. Ol döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za ynanç ha­ty­ny gow­şur­dy.

Il­çi du­şuş­ma­ga dö­re­di­len müm­kin­çi­lik üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­ly­gy­ny be­ýan edip, ata Wa­ta­ny Türk­me­nis­tan­da Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­na we­kil­çi­lik et­me­giň özi üçin uly hor­mat­dy­gy­ny bel­le­di hem-de müm­kin­çi­lik­den peý­da­la­nyp, Pre­zi­dent Re­jep Ta­ýyp Är­do­ga­nyň hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za ibe­ren mä­hir­li sa­la­my­ny we iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny ýe­tir­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Pre­zi­dent Re­jep Ta­ýyp Är­do­ga­na iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan edip, Şe­ner Je­be­ji­ni Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si we­zi­pe­si­ne bel­le­nil­me­gi bi­len gut­la­dy hem-de oňa iki ýur­duň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek ug­run­da alyp bar­jak ýo­ka­ry dip­lo­ma­tik we­zi­pe­sin­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.
Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Türk­me­nis­tan üçin Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy iň ýa­kyn do­gan­lyk döw­let bol­mak bi­len, iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­lar uzak möh­let­le­ýin stra­te­gik hä­si­ýe­te eýe­dir. Iki ýur­duň ara­syn­da­ky döw­le­ta­ra gat­na­şyk­lar öza­ra hor­mat goý­mak, bi­rek-bi­re­ge yna­nyş­mak esa­syn­da al­nyp ba­ryl­ýar. Ýo­ka­ry döw­let de­re­je­sin­dä­ki gat­na­şyk­lar, Hö­kü­met we­ki­li­ýet­le­ri­niň yzy­gi­der­li ama­la aşyr­ýan öza­ra sa­par­la­ry we gep­le­şik­ler hyz­mat­daş­ly­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na uly go­şant goş­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz 2025-nji ýy­lyň 12-nji de­kab­ryn­da Pre­zi­dent Re­jep Ta­ýyp Är­do­ga­nyň Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ge­çi­ri­len da­ba­ra­ly çä­re­le­re gat­naş­ma­gy­nyň ýo­ka­ry de­re­je­de al­nyp ba­ryl­ýan döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gyň has-da iler­le­dil­me­gi­ne tä­ze iter­gi be­ren­di­gi­ni nyg­ta­dy.
Ýurt­la­ry­myz di­ňe bir iki­ta­rap­la­ýyn de­re­je­de däl, eý­sem, ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň, il­kin­ji no­bat­da, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de-de üs­tün­lik­li hyz­mat­daş­lyk ed­ýär­ler. Bu ba­bat­da hal­ka­ra sy­ýa­sa­tyň we se­bit gat­na­şyk­la­ry­nyň öza­ra gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän me­se­le­le­ri bo­ýun­ça, hu­su­san-da, dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy üp­jün et­mek­de, Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­na ýet­mek­de iki ýur­duň ga­ra­ýyş­la­ry­nyň meň­zeş­di­gi ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­nil­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk ba­ra­da aý­dyp, Tür­ki­ýä­niň ýur­du­my­zyň iri söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­la­ry­nyň bi­ri­di­gi­ni nyg­ta­dy. Iki­ta­rap­la­ýyn söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­mak­da Yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra to­pa­ra we işe­wür­lik ge­ňe­şi­ne uly orun de­giş­li­dir.
Söh­bet­deş­li­giň do­wa­myn­da iki döw­le­tiň we ola­ryň halk­la­ry­nyň ara­syn­da me­de­ni­ýet, ylym, sun­gat, dö­re­di­ji­lik ul­gam­la­ryn­da hyz­mat­daş­ly­gyň giň ge­rim­de al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy aý­dyl­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz dip­lo­ma­tyň Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si hök­mün­de ýurt­la­ry­my­zyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ry hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­kar­mak ug­run­da äh­li ta­gal­la­la­ry et­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.
Şe­ner Je­be­ji bil­di­ri­len uly ynam üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­ly­gy­ny be­ýan edip, dip­lo­ma­tik we­zi­pe­sin­de iki ýur­duň we ola­ryň halk­la­ry­nyň ara­syn­da­ky do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­mak, Tür­ki­ýe bi­len Türk­me­nis­ta­nyň bäh­bit­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek ug­run­da yh­las­ly zäh­met çek­jek­di­gi­ne ynan­dyr­dy.