28-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.
Mejlisde hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, 1-nji sentýabrda ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar gününiň giňden bellenilip geçiljekdigini aýtdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Aşgabat şäherinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň, ýurdumyzda okuw mekdepleriniň we çagalar baglarynyň birnäçesiniň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga beriljekdigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz 2-nji sentýabrda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde ýurdumyzyň ýaşlary, talyplary we okuwçylary bilen möhüm ähmiýetli umumy sapagyň geçiriljekdigini belledi hem-de baýramçylyk mynasybetli ýolbaşçylaryň her biriniň jogap berýän ýokary okuw mekdepleri boýunça degişli guramaçylyk işleriniň geçirilmelidigini aýtdy.
“Biz geljekde hem bilim ulgamyny ösdürmek, ýaş nesillerimize döwrebap bilim bermek boýunça alyp barýan işlerimizi dowam etdireris” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, mejlise gatnaşyjylary, bilim işgärlerini, bagtyýar ýaşlarymyzy Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.
PDF








