28-nji awgustda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň meseleleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlygyny yzygiderli ösdürmek, ýurdumyzyň halkara başlangyçlaryny işjeň ilerletmek, ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşmak hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy wezipeleriniň biridir. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistan bilen BMG tarapyndan bilelikde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigi aýdyldy. Maslahatyň netijeleri boýunça kabul edilen resminamalar, aýratyn-da, Awaza syýasy Jarnamasy hem-de 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasy deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň geljek onýyllykdaky durnukly ösüşini üpjün etmek, olaryň ulag we üstaşyr mümkinçiliklerini giňeltmek, dünýä söwda ulgamyna has işjeň goşulyşmagyny, sanly-tehnologik ösüşini höweslendirmek, howanyň üýtgemegine durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin möhüm halkara binýady emele getirdi. Şunuň bilen baglylykda, maslahatyň netijelerini milli derejede yzygiderli amala aşyrmak hem-de Türkmenistanyň maslahaty kabul eden döwlet hökmünde onuň netijeleriniň halkara derejede ilerledilmegine goşandyny dowam etdirmek maksady bilen, “Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň netijesinde kabul edilen resminamalary durmuşa geçirmek boýunça Türkmenistanyň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin orta möhletli milli “Ýol kartasynyň” taslamasy taýýarlanyldy.
“Ýol kartasynyň” taslamasynda ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň gatnaşmagynda amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýan çäreler 6 sany esasy ugry özünde jemleýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipler hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen yzygiderli we ýakyn hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyz bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça teklipleri goldap, wise-premýer, daşary işler ministrine bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
PDF








