Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisini geçirmek üçin ýokary derejede guramaçylykly geçirmek üçin degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Sergide ýurdumyzda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitler, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletiň hem-de jemgyýetiň ähli ugurlarynda durmuşa geçirilýän özgertmeler, Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmakda, halkymyzyň eşretli durmuşyny üpjün etmekde gazanylýan üstünlikler öz beýanyny tapar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Bu barada 28-nji awgustda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew hasabat berdi.
Sergi 17-19-njy sentýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriler we oňa ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn edaralary, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşarlar.
Serginiň diwarlyklary ykdysadyýet, energetika we senagat, nebit-gaz, nebit-himiýa, dokma senagaty we halyçylyk, gurluşyk we gurluşyk serişdeleri, binagärlik, ulag, aragatnaşyk, kommunikasiýa, oba hojalygy, gaýtadan işleýän we azyk senagaty, saglygy goraýyş we lukmançylyk senagaty, bilim, sport, syýahatçylyk, neşirýat işi hem-de tebigaty gora-mak ýaly ugurlardaky üstünliklere bagyşlanar.
PDF








