Londonyň «New Spitalfields» ter önümler bazarynda şäherde iň uly Gün panel ulgamy işe girizildi, munuň üsti bilen iri söwda merkezi öz elektrik energiýasy üpjünçiligini ýola goýdy. Leýton sebitinde ýerleşýän we umumy meýdany 13 gektara barabar bolan bu bazaryň bäş sany binasynyň üçeklerinde jemi 2 müň 730 sany Gün paneli oturdyldy.
Bahasy 1 million funt sterlinge (1,17 million ýewro) barabar bolan bu taslama «City of London» korporasiýasyna öz iş amallary boýunça 2027-nji ýyla çenli zyňyndylary doly nola düşürmäge (net zero) saldamly goşant goşar. Umumy kuwwaty 1,4 megawatt bolan bu ulgam ýylda, takmynan, 1,27 gigawatt-sagat elektrik energiýasyny öndürip, howa zyňyndylaryny ýylda 225 tonna golaý kemeltmäge mümkinçilik berer.
Gije-gündiz işleýän we sowadyjy enjamlar üçin köp mukdarda energiýa talap edýän bu bazarda ýerli çeşmeden alnan “ýaşyl” energiýanyň ulanylmagy onuň umumy elektrik ulgama bolan garaşlylygyny ep-esli gowşadýar. Korporasiýanyň syýasat komitetiniň başlygy Kris Heýuord bu başlangyjyň Beýik Britaniýadaky yssy howa şertlerinde we sowadyjy ulgamlara bolan islegiň artýan döwründe ýerli täzelenip bilýän çeşmelere maýa goýmagyň möhümdigini alamatlandyrýandygyny belledi.
Bütin Londonyň esasy täjirçilik infrastrukturasynda giň möçberli täzelenip bilýän energiýany ulanmak üçin bu taslamanyň nusgalyk ähmiýete eýe bolmagyna garaşylýar. Ýurduň iň iri miwe, gök önüm we güllere niýetlenen bazarlarynyň biri bolan «New Spitalfields» bazarynda 130 telekeçi zähmet çekip, olar alyjylara 15 müňden gowrak haryt görnüşini hödürleýärler.
PDF








