Gazagystanyň täze döredilen bir palataly parlamenti – Gurultaýyň ilkinji mejlisinde “Adilet” partiýasynyň lideri Aýbek Dadebaý ýapyk ses bermek arkaly parlament agzalarynyň biragyzdan goldawy bilen Gurultaýyň spikeri wezipesine saýlandy.
Prezident Kasym-Žomart Tokaýew tarapyndan hödürlenen Aýbek Dadebaýyň dalaşgärligine 145 deputat ses berdi: olardan 144-si oňyn ses beren bolsa, bir býulleten güýjüni ýitiren diýlip ykrar edildi. 46 ýaşly Aýbek Dadebaý şu ýylyň maý aýyndan bäri Gazagystanyň iň uly syýasy partiýasy bolan “Adiletiň” başlygy wezipesini eýeleýär. Ol bu wezipä saýlanýança, Prezidentiň administrasiýasynyň Baştutany bolup işledi.
Bu waka ýurtda 1-nji iýulda güýje giren täze Konstitusiýanyň çäklerinde amala aşyryldy. Täze Baş kanuna laýyklykda, parlament iki palataly gurluşdan bir palataly Gurultaý gurluşyna geçirildi we 23-nji awgustda ýurduň täze parlamentine saýlawlar geçirildi. Saýlawlaryň netijesinde bäş syýasy partiýa parlamente girdi we Merkezi saýlaw topary tarapyndan 145 deputat bellige alnyp, olaryň bäş ýyllyk möhletli ygtyýarlyklary 27-nji awgustda resmi taýdan başlandy. Konstitusiýa laýyklykda, Prezident Gurultaýyň başlygy wezipesine dalaşgäri deputatlaryň arasyndan hödürleýär we spiker deputatlaryň umumy sanynyň köpçülikleýin sesi bilen saýlanylýar.
PDF








