Germaniýanyň çempionaty “Bundesliganyň” täze 64-nji möwsümine çempion “Bawariýa” bilen “Ştutgartyň” arasyndaky duşuşyk bilen badalga berildi. Ýer eýeleriniň doly artykmaçlygynda geçen oýunda “Bawariýa” 5-1 hasabynda ýeňiş gazanyp, täze möwsümde-de çempionlygyň iň uly dalaLuşgäridigini görkezdi. “Bawariýanyň” gollaryny Upamekano (21), Olise (55), Wagnoman (57 ö.d.), Pawlowiç (82) hem-de Luis Diaz (90) geçirdi. “Ştutgartyň” ýeke-täk goluny bolsa 52-nji minutda awtogol hem eden Wagnoman öz adyna ýazdyrdy. Duşuşykda 1-2-nji gollaryň asistini Kimmih, 4-5-nji gollaryň asistini bolsa täze transfer Saibari etdi.