ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Wenesueladaky 17 nebit ýatagyny özleşdirmegi göz öňünde tutýan ägirt uly ylalaşyga gol çekilendigini mälim etdi. Bellenilişi ýaly, bu ädim ABŞ-nyň nebit ätiýaçlyklaryny iki esse artdyrmaga, içerki bazarda ýangyjyň nyrhyny peseltmäge hem-de Wenesuelanyň ykdysadyýetini dikeltmäge mümkinçilik berer.

Hünärmenleriň maglumatyna görä, bu taryhy ylalaşyk Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ýurduň baý gorlaryndan 65 milliard barrelden gowrak nebit goruna gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär. Munuň özi ýurtda energiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm ädim bolup durýar.

Wenesuelanyň wagtlaýyn Prezidenti Delsi Rodriges hem bu ylalaşygy tassyklady. Strategik ýataklary özleşdirmegiň çäginde ýurda 100 milliard dollardan gowrak hususy maýa goýumlary çekilip, döwlet býujetine 209 milliard dollardan gowrak salgyt tölegleriniň gelmegine garaşylýar.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubionyň belleýşi ýaly, bu başlangyç «Ilki bilen Amerika» daşary syýasat konsepsiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär we iki ýurduň bähbitlerine doly laýyk gelýär. Häzirki wagtda taraplar bu ägirt uly taslamany amala aşyrmak boýunça zerur işleri alyp barýarlar.