2-6-njy sentýabr aralygynda Moskwadaky «Gostinyý dwor» toplumynda 39-njy Halkara kitap ýarmarkasy geçiriler. Kitap ýarmarkasynda «Rossiýskaýa gazeta» neşiriniň awtorlary öz täze taslamalaryny köpçülige hödürlärler. Bu abraýly çäre ýurduň iň gadymy edebiýat sergisi bolup, onda okyjylar üçin dürli duşuşyklar we tanyşdyrylyşlar guralar.
«Rossiýskaýa gazetanyň” diwarlygynda gazetiň we žurnallaryň ýyllyk ýa-da aýlyk abunasyny arzanladylan bahadan resmileşdirip ýa-da sowgat alyp bolar, şeýle hem bu ýerde neşiriň awtorlary bilen gyzykly duşuşyklar guralar.
Ýarmarkanyň çäginde 2-nji sentýabrda sagat 16:00-da Mariýa Gorodowanyň «Siziň perişdäňiz hiç haçan ýatmaz» atly kitaby hödürlener, onda beýik taryhy şahsyýetleriň başyndan geçen gudratly halas boluş wakalary beýan edilýär.
Şol gün ýene-de şol wagtda «Rodina» žurnalynyň «Russiýanyň kulibinleri» atly ýörite sanynyň tanyşdyrylyşy bolar. Bu neşir rus oýlap tapyjylarynyň durmuşyna we olaryň dünýä ähmiýetli üstünliklerine bagyşlanandyr.
Mundan başga-da, 5-nji sentýabrda sagat 18:00-da Russiýanyň halk suratkeşi Nikas Safronow bilen ýazyjy Nikolaý Dolgopolow «Pursatlar we ykbal» atly bilelikdäki taslamasynyň jikme-jikliklerini gürrüň bererler.
PDF








