Hytaý ummanlary we Ýer ýüzündäki howanyň ýagdaýyny has çuňňur öwrenmäge mümkinçilik berjek “Hayyang-1C” (HY-1C) emeli hemrasyny uçurdy. Ýurduň Bilim we tehnologiýa akademiýasy tarapyndan işlenip düzülen HY-1C Şansi welaýatyndaky Taýyuan kosmodromyndan “Long March-2C” raketasy bilen uçuryldy. Ýer ýüzüniň ähli ýerinde ummanlaryň ekologiýa ýagdaýyna we ýylylygyna, deňizýaka şäherlerde suwuň derejesine, adalara we ummanlara gözegçilik ediler. 5 ýyllap hyzmat etmegine garaşylýan HY-1C ummanlaryň reňkini we suwunyň ýylylygyny kesgitleýän hlorofil we beýleki organiki maddalar hem-de suwuň aşagynda bolup geçýän tebigy hadysalar barada hem maglumat toplamaga ýardam eder. Hytaý ummanlary öwrenmek maksady bilen döredilen HY-1A-ny 2002-nji ýylda, HY-1B-ni 2007-nji ýylda uçurypdy. Geljek ýylda HY-1D atly ýene bir emeli hemra uçurylar.