Dünýä futbolynyň super ýyldyzy Lionel Messi milli ýygyndydaky karýerasyny tamamlandygyny habar berdi. 39 ýaşyndaky Messi bu barada özüniň sosial media hasabynda:

– Finaldan soň bu barada oýlanyşmaga pursat boldy. Netijede, hoşlaşýandygymy mälim edýärin. Gelen bu netijäm, meniň üçin agyr karar, meni gaty ýaralaýar. Ýöne meniň pikirimçe, wagty geldimikä diýýärin. Men soňky ýyllarda ähli ýaryşlarda gazanan çempionlyklarymyzdan öňem 100 göterim bilen özümi berip, bu forma üçin göreşdim. Sizi şatlandyrmak, argentinalydygyňyza buýsandyrmak üçin jan aýaman göreş alyp bardym.

Meniň ýaşyl meýdançada köp wagtym galmady. Bu tapgyrdan soň, ýene bir tapgyr galdy. Ýöne bu tapgyr meniň janymy has beter ýakýar, has agyryly ýagdaýda geçýär. Men milli toparyň agzasy bolmagy gowy görýärin, bu hemişe-de şeýle bolar. Men bu forma üçin elimden gelen hemme zadymy berdim. Başga-da berer ýaly zadym ýok. Bu toparda oýnap biljek täze ýaşlar kemala gelip dur.

Soňky 20 ýylyň dowamynda maňa beren goldawlaryňyz, maňa kalbyňyzda beslän söýgüňiz üçin köp sagboluň. Meýdançada siziň sesiňizi eşitmegi küýsärin. Mundan soň, siziň araňyza goşularyn, topara tribunadan goldaw bererin, janköýerlik ederin, gowy günleriňizde-de, kynçylykly pursatlarda-da, esasan hem, kyn günlerde ýanyňyzda bolaryn.  

Meniň üçin bu diýseň ajaýyp başdan geçirme, täsirli gezelenç boldy. Şol pursatda hemişe ýanymda bolan maşgalama minnetdarlyk bildirýärin. Bilelikde işleşen ähli tälimçilere, topardaşlaryma, toparyň ýolbaşçylaryna köp-köp sagbolsun aýdýaryn. Men ýatdan çykmajak pursatlary ýanym bilen alyp gidýärin.

Topardaşlarym bilen bilelikde, siziň arzuw eden hyýallaryňyza ýetmegiňize sebäp bolanymyz üçin arkaýyn we buýsanç bilen milli topardan gidýärin. Şularyň ählisini siziň bilen bilelikde başdan geçirmek diýseň ýakymly. Sizi gowy görýärin. Argentinaly bolanym üçin, Hudaýa şükür edýärin.

Men bu setirleri finaldan 2 gün soň, 21-nji iýulda ýazdym. Kakamyň aradan çykmagyndan soň (8-nji awgustda aradan çykypdy), men muňa hasam beter ynanýaryn – diýip belledi.

Lionel Messi Argentinanyň milli ýygyndysynyň köýnekçesini 21 ýyl geýdi. 2005-nji ýylyň awgust aýynda ilkinji gezek tangoçylaryň düzüminde meýdança çykan Messi 21 ýyldan soň, ýene awgust aýynda milli topar bilen hoşlaşandygyny habar berdi. Messi Argentinanyň ýygyndysynda 207 duşuşykda meýdança çykyp, 125 gol geçirip, 68 asist etdi. Ol 2022-nji ýylda Argentinanyň taryhyndaky 3-nji Dünýä Kubogyna uly goşant goşdy. Messi Argentinanyň ýygyndysy bilen 2021-nji we 2024-nji ýyllarda Kopa Amerikanyň çempionlygyny gazandy. Messi Argentinanyň Olimpiýa ýygyndysy bilenem 2008-nji ýylda Olimpiýa oýunlarynyň altyn medalyna mynasyp boldy.

Messiniň bu kararyndan soň FIFA-nyň Prezidenti Janni Infantino hem ony şeýle ajaýyp karýera bilen mähirli gutlady. Oňa halkara arenada futbola uly goşant goşandygy üçin oňa sagbolsun aýtdy.

Messiniň topardaşlaryndan, ony hemişe goldan Rodrigo de Pol hem oňa öz minnetdarlygyny bildirdi.