Iýun aýynyň soňky anna güni ekranlara çykan “Möý adam: täze gün” filminiň prokatlardan toplany girdeji bilen ähli döwürleriň sanawynda 3-nji orna beýgeldi. Prokatlardan toplany 2 milliard 337 million dollardan geçen film soňky 5 günüň dowamynda ilki “Titanik” (2 milliard 258 million $), soňra “Awatar: suwuň ýoly” (2 milliard 335 milliard $) kinolaryndan öňe geçmegi başardy. Häzirlikçe “Möý adam: täze gün” filminden öňde 2 kino bolup, olar 2009-njy ýylda ekranlara çykan “Awatar” hem-de 2019-njy ýylda prokatlara ýaýran “Ar alyjylar: oýnuň soňy” filmleridir. “Awatar” 2 milliard 924 million dollar toplan bolsa, “Ar alyjylar: oýnuň soňy” 2 milliard 798 million dollar ýygnady.

Ýöne “Ar alyjylar: oýnuň soňy” filmi ýakyn günlerde täzeden ekranlara gaýdyp geler. “Ar alyjylar: doktor dum” filminiň ekranlara çykmazyndan öň kinoteatrlarda görkeziljek “Ar alyjylar: oýnuň soňy” filminiň  girdejisini 3 milliard dollara ýetirmegine we sanawyň birinji ornuna çykmagyna garaşylýar. Ýöne onuňam bu birinjiligi wagtlaýynça bolar diýip çaklaýanlaryň sany az däl. Sebäbi “Ar alyjylar: doktor dum” filminiň görlüp-eşidilmedik derejede kassa ýygymyny toplamagyna, ähli rekordlary täzelemegine garaşylýar.