1888-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda amerikan oýlap tapyjysy we telekeçisi Jorj Istmen öz döreden fotoapparatynyň patentini aldy. Şol gün onuň “Eastman Kodak” söwda nyşany hem resmi taýdan hasaba alyndy. Şol döwürde surat düşürmek örän çylşyrymly iş bolup, agyr aýna plastinalary we dürli himiki serişdeleri ulanmagy talap edýärdi. Istman bolsa fotografiýany ýönekeýleşdirip, ony adaty adamlaryň hem aňsatlyk bilen ulanyp biljek derejesine ýetirdi.
1888-nji ýylda hödürlenen ilkinji “Kodak” fotokamerasy kiçi we ýeňil bolup, plýonka bilen üpjün edilendi. Ol 100-e çenli surat düşürmäge mümkinçilik berýärdi we şol döwürde 25 dollara satylýardy. Plýonka gutarandan soň, müşderi fotokamerany “Eastman Kodak” kompaniýasyna iberýärdi. Kompaniýa plýonkany çykaryp, suratlary taýýarlap, kamerany täze film bilen yzyna gaýtaryp berýärdi. Istman bu tehnologiýasyny we ýerine ýetirilýän hyzmatyny düşündirmek üçin “Siz düwmä basyň, galan işi biz ederis” (You press the button, we do the rest) diýen şygary saýlap aldy we mahabat etmek üçin ulandy.
Bu täzelik fotografiýanyň taryhynda uly özgerişlik döretdi. Adamlar indi diňe hünärmen fotograflara ýüzlenmän, öz maşgalasynyň, çagalarynyň, syýahatlarynyň we gündelik durmuşynyň ýönekeý pursatlaryny hem surata düşürip başladylar. Üstesine, ol şeýle bir kiçidi welin, hatda egniňde ýa-da eliňde hem saklap bolýardy. Şeýlelikde, fotografiýa giň halk köpçüligine ýaýrady we häzirki zaman surat medeniýetiniň ösmegine ýol açyldy.
PDF







