Hallerbos tokaýy. Brýusselden 15 kilometr uzaklykda ýerleşýän Hallerbos tokaýy ýaz paslynyň gelmegi bilen owadan görnüşe eýe bolýar. 552 gektar meýdany tutýan buk agaçlaryndan emele gelen tokaý «ýabany jaňjagazlar» (giasint) bilen örtülýär. Çigildeme meňzeş bu gök, benewşe we mämişi güller 7-10 günden soň guramak bilen bolýar. Haly düşelene meňzeýän Hallerbos tokaýy Belgiýa barýan syýahatçylaryň iň köp surata düşýän ýerleriniň biridir.
Noýşwanştaýn galasy. Germaniýadaky Noýşwanştaýn galasy ertekilerde suratlandyrylýan köşk galalaryna meňzeýär. Her ýyl, takmynan, 1,5 million syýahatçyny kabul edýän bu gala 1886-njy ýylda gurlup gutarylýar. Korol Lýudwig II niýetlenip gurlan bu gala «Walt Disneýiň» «Ukudaky gözel» (Sleeping Beauty) multfilmi arkaly uly meşhurlyga eýe boldy. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Noýşwanştaýn galasyna barýan myhmanlar özlerini ertekilerdäki ýaly duýýarlar. 65 metr beýiklikdäki ak reňkli muzeý galasyna her ýyl 1,5 milliondan gowrak syýahatçy barýar.
Meteora. Gadymy grek siwilizasiýasyndan galan köp sanly ybadathana we şäher harabalyklarynyň arasynda gaýanyň çür depesindäki Meteora görenleri haýran galdyrýar. Gurluşygy 150-200 ýyl dowam eden ybadathana toplumy Gresiýanyň Fessaliýa sebitinde ýerleşýär. Syýahatçylar birnäçe günläp pyýada ýöränlerinden soň 600 metr belentlikdäki Meteora barýarlar. Grekçeden terjime edilende «howada ýüzýän» diýmegi aňladýan dagyň üstündäki ybadathana ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.
Çžanszýaýze. «Awatar» filminiň wizual effektler boýunça hünärmenler topary Çžanszýaýze milli seýilgähiniň owadan gözelliginden ýokarda bir planeta döretdiler. Seýilgähiň esasy sütünlerinden biri bolan «Günorta asman sütüni» «Awatar» filminden soňra «Avatar-Hallelujah dagy» adyny aldy. Hytaýyň günorta-günbatarynda ýerleşýän bu seýilgähde 3 müňden gowrak gaýa dik bolup, olaryň üçden biri 200 metrden beýikdir. Seýilgähdäki aždarha lifti, asman köprüsi we gaýanyň daşyndan aýlanýan pyýada köprüsi beýikligi halaýan syýahatçylar üçin iň täsirli başdangeçirmeleriň biridir.
Sankt-Basil sobory. Dünýäde iň köp surata düşürilýän binalaryň biri hem Moskwanyň Gyzyl meýdançasyndaky Sankt-Basil soborydyr. Sankt-basil sobory XVI asyryň ortalarynda gurlupdyr. Şuňa meňzeş bina Moskwanyň beýleki ýerlerinde duş gelmeýär. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň bir bölegi bolan Sankt-Basil şäheriň nyşany hasaplanýar. Häzirki wagtda muzeýe öwrülen bu binany görmäge her ýyl müňlerçe syýahatçy barýar.
Mermer gowaklary. Iň gadymy adamlaryň ýaşan ýeri hasaplanýan mermer gowaklary Argentina bilen Çiliniň serhedindäki Patagonia sebitinde ýerleşýär. Adatdan daşary howa hadysalarynyň bolup geçýän ýeri bolan mermer gowaklary 6 müň ýyldan gowrak wagtda kalsiý karbonat gaýalarynyň eroziýasy netijesinde emele gelipdir. Bu gowaklara diňe gaýykly gezelenç edip bolýar.
Tolkun gaýalary. Arizonanyň demirgazygyndaky tolkun gaýalaryny görmäge barýan syýahatçylaryň yzy üzülmeýär. Ýöne her ýyl diňe 64 adama gyzgylt gaýalaryň içine girmäge rugsat berilýär. Alymlaryň bellemegine görä, birnäçe asyryň dowamynda suw bilen çägäniň garyşmagy hem-de ýeliň täsiri netijesinde gyzgylt çägäniň ýüzünde öwrüm-öwrüm çukurlar döräp, tolkun gaýalary emele gelipdir.
PDF







