UEFA Çempionlar Ligasynyň täze möwsüminie şu gije badalga berler. Günüň ilkinji 2 duşuşygynda AEK Afinyda Awstriýanyň LASK toparyny, “Klub Brýugge” bolsa öz meýdançasynda “Aston Willany” kabul eder. 2 duşuşyk hem 21:45-de başlanar.
Şägirt halypa garşa
Tapgyryň iň esasy oýny Madridde ýerli “Real” bilen “Interiň” arasynda oýnalar. Mourinio ozalky topary bilen duşuşyp, italýan klubuna onuň şägirdi Kristian Kiwu tälimçilik edýär. Žoze Mourinio bilen Çempionlar Ligasynyň kubogyny 2010-njy ýylda Madridde gazanan döwründe “Interiň” düzüminde Kiwu hem bardy. “Real” “Interi” özara soňky 7 oýnuň 6-synda ýeňlişe sezewar etdi. Iki topar 1964-nji ýylda finalda duşuşypdy we şol oýunda “Inter” 3-1 hasabynda ýeňipdi. Bu gijeki duşuşyga angliýaly Maýkl Oliwer eminlik eder.

Şu gije “Mançester Siti” topary “Portonyň” myhmany bolup, oýunda polşaly Şimon Marçinika jürlewük çalar.
Çempionyň ilkinji garşydaşy “Slowan Bratislawa”
Ertirki oýunlarda “Barselona” öz meýdançasynda germaniýaly Swen Ýablonskiniň eminlik etjek oýnunda “Feýenoordy” kabul eder we duşuşyk 21:45-de start alar.
Ertirki oýunlardan “Liwerpul” bilen “Atletikonyň” arasyndaky duşuşyk hem tapgyryň esasy oýunlaryndan diýlip görkezilýär. Çarşenbe güni ýarygijede başlanjak oýna italiýaly Dawide Massa eminlik eder.
Soňky çempion PSŽ öz meýdançasynda bu ýaryşa 2-nji gezek gatnaşýan “Slowan Bratislawa” bilen duşuşar. Duşuşykda ukrainaly Mikola Balakin jürlewük çalar.
Italiýada bolsa “Napoli” bilen “Arsenal” täze möwsümdäki ilkinji ýeňşini gazanmak üçin özara güýç synanyşarlar.
Penşenbe günündäki oýunlarda-da “Bawariýa” Norwegiýanyň wise-çempiony “Bude-Glimti”, “Mançester Ýunaýted” bolsa debýutant “Sabahy” kabul eder.
8-nji sentýabr (anna) 21:45 I AEK Afiny – LASK 21:45 I Klub Brýugge – Aston Willa 00:00 I Borussiýa D – Wilýarreal 00:00 I Porto – Mançester Siti 00:00 I Lill – Betis 00:00 I Real Madrid – Inter 9-njy sentýabr (çarşenbe) 21:45 I Barselona – Feýenoord 21:45 I Ştutgart – Wiking 00:00 I Liwerpul – Atletiko 00:00 I Pari Sen-Žermen – Slowan Bratislawa 00:00 I Sporting – Galatasaraý 00:00 I Napoli – Arsenal 10-njy sentýabr (penşenbe) 21:45 I Fenerbahçe – Roma 21:45 I PSW – Şahtýor Donesk 00:00 I Komo – Leipsig 00:00 I Bawariýa – Bude-Glimt 00:00 I Mançester Ýunaýted – Sabah 00:00 I Slawiýa Praga – Lans
PDF








