Hytaý Halk Respublikasynyň Suçžou şäherindäki Szinszi kölüniň kenarynda meýdany 60 müň inedördül metrlik Häzirki zaman sungaty muzeýi açylyp, ulanmaga berildi. Bir üçegiň astynda jemi 12 pawilýony özünde jemleýän bu täsin binagärlik toplumy şäher bilen kölüň arasyndaky aragatnaşygy pugtalandyrmaga we sebitde medeni merkezi döretmäge niýetlenendir.
Täze desganyň taslamasy Daniýanyň meşhur BIG binagärlik şereketi hem-de Hytaýyň «ARTS Group», «VIA.inc» we SHUISHI studiýalary tarapyndan bilelikde işlenip düzüldi. Binagärler toplumyň gurluşygynda Suçžou şäheriniň milli seýil baglarynyň ýörelgelerinden ylham alyp, myhmanlaryň yzygiderli täze görnüşleri açmagy üçin amatly gurşaw döretdiler. Binalaryň arasynda ýörite ýodalar çekilip, baglar ekildi, köprüler we dürli jemgyýetçilik ýerleri gurlupdyr.
Toplumyň esasy aýratynlyklarynyň biri hem milli hytaý baglaryna mahsus bolan, ähli 12 pawilýony birleşdirýän we myhmanlar üçin esasy ýoly emele getirýän üsti ýapyk däliz-galereýadyr. Mundan başga-da, ýeriň üstündäki we astyndaky giňişlikler goşmaça köprüler hem-de ötükler arkaly berk birleşdirildi.
BIG şereketiniň düýbüni tutujy Býarke Ingels möhüm bir ýagdaýy belledi. Ol muzeýiň şäheri kölden bölýän päsgelçilik bolman, eýsem, olary birleşdirýän halka öwrülendigini aýtdy. Desganyň ähli pawilýonlaryny birleşdirýän üçegi bolsa müdimilik alamatyna we milli kagyz kesiş sungaty bolan «szýançži» stilindäki şekile meňzedilip dizaýn edildi. Muzeýiň golaýynda ýerleşýän syn ediş çarhyndan bu täsin toplumyň we onuň özboluşly üçeginiň ajaýyp keşbini açyk görmek bolýar.
PDF








