ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp özüniň «Truth Social» sahypasynda Aýyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna degişlidigini ýazyp, Aýdyň suratynda ýurdunyň baýdagyny ýerleşdirdi. Tramp 2028-nji ýyla çenli Aýa adam ibermegi we 2030-njy ýyla çenli ol ýerde hemişelik baza döretmegi meýilleşdirýär. Şeýle-de bolsa, BMG-niň 1967-nji ýyldaky şertnamasyna görä, hiç bir döwlet Aýda özygtyýarlylyk hukugyny öňe sürüp bilmeýär.
PDF








