Astana şäherinde «Okaýan millet» atly Respublika boýunça kitap marafonyna gatnaşmak üçin bellige alyş başlandy. Bu bäsleşige gatnaşyp, teklip edilen sanawdaky 15 kitaby okap çykanlar we gysgaça teswir paýlaşanlar, takmynan, 1300 dollara çenli pul baýragyny alyp bilerler.
Sebitleýin tapgyryň jemlerine görä, birinji orny eýeläne 600 müň tenge (takmynan 1,3 müň dollar) gowşurylar. Şeýle hem ikinji orun üçin 450 müň tenge (takmynan, 988 dollar), üçünji orun üçin bolsa, 300 müň tenge (takmynan, 659 dollar) möçberinde pul sylaglary göz öňünde tutulandyr.
Gazagystanyň paýtagtynyň häkimliginiň beren maglumatyna görä, bu marafona 6–10-njy synp okuwçylary, talyplar, mugallymlar, döwlet gullukçylary, maşgala toparlary we ýaşyna hem-de hünärine garamazdan islän raýat gatnaşyp biler.
Ýaryş şu ýylyň sentýabryndan geljek ýylyň apreline çenli gazak we rus dillerinde dowam eder. Oňa gatnaşmak isleýänler taslamanyň resmi saýty arkaly bellige alnyp bilerler.
PDF








