Çarwadarlaryň VI Bütindünýä oýunlarynyň netijelerine görä, Gazagystan umumy toparlaýyn hasapda birinji orny eýeledi. Ýurduň türgenleri bu halkara ýaryşda jemi 74 medaly, şol sanda 32 altyn, 20 kümüş we 22 bürünç baýragyny gazandylar.

«Kazinform» agentliginiň habar bermegine görä, ikinji orny 30 altyn medal bilen Gyrgyzystan, üçünji orny bolsa ýedi altyn baýrak alan Russiýa Federasiýasy eýeledi. Gyrgyzystan Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat sekretary Askat Alagozowyň belleýşi ýaly, oýunlar ýokary derejede geçip, uly sport baýramçylygyna öwrüldi, aýratyn-da gök-böri we žer-ulak bäsleşikleri örän täsirli boldy.

Gyrgyzystanda 31-nji awgust – 6-njy sentýabr aralygynda geçirilen bu giň gerimli ýaryşa dünýäniň 113 ýurdundan 3 müňe golaý türgen gatnaşdy.