Türkiýäniň Diýarbakyr welaýatynda ýaşaýan Rejep Karakaş ogluna dünýä belli futbol ýyldyzy Ronaldonyň adyny goýdy. Portugaliýaly Kistiano Ronaldo häzirki wagtda Saud Arabystany Patyşalygynyň Professionel Ligasynda çykyş edýän “Al Nassr” toparynda oýnaýar. Karakaş ýene bir oglum bolsa oňa futbolçynyň kakasy Hose Dinis Aweiro diýip at goýjakdygyny belleýär.

Gurluşyk işgäri bolup işleýän Karakaş 2015-nji ýylda toý edipdir. Bagtly maşgalanyň mundan ozal Mustafa atly ogly hem-de Asel Yrmak atly gyzy bolupdyr. Ol üçünji çagasyna Cristiano Ronaldo diýip at goýmakçy bolanda, maşgala agzalary garşy bolupdyr. Karataş Ronaldonyň rehimdar we mätäçlere goldaw berýändigini aýdyp, oglunyň hem şeýle bolmagyny arzuw edýär. Şeýle hem ol Ronaldonyň gol çeken formasyna almak isleýär.