Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 28-nji awgust güni sanly ulgam arkaly geçiren nobatdaky Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdymyzda 2-nji sentýabrda bugdaý ekişine, 9-njy sentýabrda pagta ýygymyna girişmek boýunça ak pata berip, il sylagly ýaşulylarymyzdan “bismilla” bilen güýzlik bugdaý ekişine hem-de pagta ýygymyna girişmäge başlap bermegi haýyş etdi.
Şu gün goýny 360 pirli Daşoguz welaýatynyň zähmetsöýer babadaýhanlary welaýat derejesinde pagta ýygymyna guramaçylykly girişdi. Şu mynasybetli welaýatymyzyň Şabat etrabynyň Sadulla Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň ak altyn pellerinde baýramçylyk çäreleri geçirildi. Çäräniň geçiriljek ýeri toý lybasyna bürenip, bu ýerde köp öwüşgünli sergiler giňden ýaýbaňlandyryldy, toý gazanlary atarlyp milli tagamlarymyzyň birnäçe görnüşleri taýýarlandy. Gelin-gyzlarymyzyň üme dessuryny berjaý etmekligi, agaç we demir ussalaryň iş pursatlarynyň görkezilmegi, dürli kuwwatly tehnikalaryň, tirkeg gurallarynyň, tohumlaryň, oba hojalygynda ulanylýan himiki serişdeleriň we beýleki önümleriň sergileri dabara gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Soňra il sylagly ýaşulylaryň bissmillasy bilen pagta ýygymyna girişildi. Bu ýerde welaýat medeniýet bölüminiň aýdymçylarynyň çykyşlary, folklor toparynyň sahna oýunlary çäräniň şatlyk-şowhunyny has-da artdyrdy. Soňra baýramçylyk dabarasy Köneürgenç etrabyndaky Pagta arassalaýjy kärhanada dowam etdi. Bu kärhana “Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň ilkinji pagta tonnalary getirilip Watan harmanyna tabşyryldy. Çäräniň geçiriljek ýeri baýramçylyk ruhuna kybap derejede bezelip, köp öwüşgünli sergileriň giňden ýaýbaňlandyrylmagy, aýdym-sazyň hoş owazynyň belentden ýaňlanmagy, joşgunly tanslaryň, folklor toparynyň sahna oýunlarynyň görkezilmegi çäräniň täsirliligini has-da artdyrdy. Sergilerde gelin-gyzlarymyzyň el-işleriniň, milli şaý-seplerimiziň, dokma we ýüplük önümleriniň, oba hojalygynda ulanylýan gurallaryň, himiki serişdeleriň, azyk önümleriniň dürli görnüşleriniň sergilerini bu ýere ýygnananlar ruhubelentlik bilen synladylar. Bu köp öwüşgünli sergiler geçen sanlyja ýylyň içinde ýurdumyzda gazanylan üstünlikleri, ýetilen belent sepgitleri açyp görkezdi. Soňra il sylagly ýaşulylar, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, öňdebaryjy kärendeçiler çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda peder ýolyny mynasyp derejede dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdymyzyň ähli pudaklaryny sazlaşykly ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş durmuş derejesini ýokarlandyrmak, oba hojalykçylaryň, kärendeçileriň işlemekligi bereketli türkmen topragyndan bol hasyl ösdürip ýetişdirmekligi üçin döredilýän şertler, mümkinçilikler barada giňişleýin aýtdylar. Çäräniň dowamynda welaýatymyzyň öňdebaryjy kärendeçilerini hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Dabara aýdym-sazly çykyşlar bilen dowam etdi. Welaýatymyzyň tanymal bagşy-sazandalary estrada we halk aýdymlaryny ýerine ýetirip, ajap döwrümizi, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň rowaç işlerini, päk zähmeti wasp etdiler. Soňra dabara gatnaşanlar ýylda 40 müň tonna gowaça çigidini gaýtadan işlemäge ukyby bolan pagta arassalaýjy kärhanany aýlanyp gördüler. Bu ýerde kärendeçileriň yhlasly zähmetleriniň netijesinde kemala gelen ak-altyn hasyly senagat taýdan gaýtadan işlenip, taýýar çig mal görnüşine getirilýär. Kärhanada ähli işler awtomatik usulda berjaý edilip, kompýuterler esasynda dolandyrylýar, işgärleriň işlemekligi üçin ähli amatly şertler döredilen. Munuň özi ak-altyn hasylyny gysga wagtda senagat taýdan gaýtadan işlenilip, egriji fabriklerimiziň ýeterlik mukdarda çig mal bilen üpjün edilmegine mümkinçilik berer.
Şu gün welaýatymyzyň ähli etraplarynda pagta ýygymyna girişildi. Harmanyňyza bereket Gahryman Arkadagymyz, harmanyňyza bereket Arkadagly Gahryman Serdarymyz, harmanyňyza bereket edermen babadaýhanlar.
Çary ANNABAÝEW, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Köneürgenç etrap birleşmesiniň baş hasapçysy.
PDF








