Futbol äleminiň iň abraýly baýraklaryndan diýlip görkezilýän “Altyn top” (Ballon d’Or) baýragynyň dalaşgärleri mälim edildi. 1956-njy ýyldan bäri “France Football” žurnaly tarapyndan gowşurylyp gelinýan baýraklarda ilkinji sanawa 30 futbolçy alyndy.
Bu sanaw futbolçylaryň geçen möwsümdäki başarnyklary esasynda kesgitlendi. Şol sebäpli futbolçylaryň atlary geçen möwsümdäki klublary bilen agzalýar. Sanawdaky 10 futbolçy Çempionlar Ligasynyň ýeňijisi PSŽ toparyndan bolup, bu görkeziji rekorda deňdir. “Bawariýadan” 4, “Arsenal”, “Barselona”, “Real Madrid” toparlaryndan 3, “Mançester Sitiden” 2, “Mançester Ýunaýted”, “Çelsi”, “Inter”, “Inter Maýami”, “Al-Nassr” hem-de “Al-Kadsiýa” toparlaryndan 1 futbolçy dalaşgär görkezildi.
Bu baýragy 8 gezek eýelän Lionel Messi 17-nji gezek dalaşgär görkezilip, Kristiano Ronaldonyň rekordyna golaýlady.
Dünýä Kubogynyň ýeňijisi Ispaniýadan 6, Fransiýadan 5, Portugaliýadan 4, Angliýadan, Braziliýadan 3, Argentinadan 2, Kolumbiýadyr Meksikadan, Norwegiýadan, Senegaldan hem-de Gruziýadan 1 futbolçy sanawa alyndy.
Baýragyň geçen ýylky ýeňijisi Usman Dembele bu gezek sanawa alynsa-da, esasy dalaşgärleriň hatarynda görkezilenok.

Geçen möwsümde 3 ýaryşyň iň köp geçiren oýunçysy bolan Kilian Mbappeniň, PSŽ-niň Çempionlar Ligasyny 2-nji gezek gazanmagyna saldamly goşant goşan Hwiça Kwaresheliýanyň hem-de geçen möwsümi ähli ýaryşlary hasaba alanyňda, 71 gol bilen tamamlan Harri Keýniň atlary esasy dalaşgärleriň hatarynda görkezilýär.
70-nji “Altyn top” baýragynyň ýeňijisi 26-njy oktýabrda Londonda geçiriljek dabarada mälim ediler.
70-nji “Altyn top” baýragynyň dalaşgärleri:
Gabriel Magalaes (Braziliýa), Deklan Raýs (Angliýa), William Saliba (Fransiýa) – ARSENAL,
Mark Kukurelýa (Ispaniýa) – ÇELSI,
Erling Holann (Norwegiýa), Rodri (Ispaniýa) – MANÇESTER SITI,
Bruno Fernandeş (Portugaliýa) – MANÇESTER ÝUNAÝTED,
Usman Dembele (Fransiýa), Aşraf Hakimi (Marokko), Hwiça Kwarasheliýa (Gruziýa), Markinios (Braziliýa), Nunu Mendeş (Portugaliýa), Žoao Neweş (Portugaliýa), Willian Paço (Ekwador), Fabian Ruiz (Ispaniýa), Witinýa (Portugaliýa) – PARI SEN-ŽERMEN,
Luis Diaz (Kolumbiýa), Harri Keýn (Angliýa), Maýkl Olise (Fransiýa), Daýo Upamekano (Fransiýa) – BAWARIÝA,
Lautara Martines (Argentina) – INTER,
Sadio Mane (Senegal) – AL-NASSR,
Hulian Kuinýones (Meksika) – AL-KADSIÝA,
Pau Kubarsi (Ispaniýa), Ferran Torres (Ispaniýa), Lamin Ýamal (Ispaniýa) – BARSELONA,
Jud Bellingam (Angliýa), Kilian Mbappe (Fransiýa), Winisius Junior (Braziliýa) – REAL MADRID,
Lionel Messi (Argentina) – INTER MAÝAMI
PDF








