Ýaryşyň debýutanlarynyň biri bolan “Komo” beýleki ilkinji gezek gatnaşýanlardan has şowly başlangyç etdi. Öz meýdançasynda “Leipsigi” kabul eden italýan topary 4-1 hasabynda ýeňiş gazandy. Italýan toparyna taryhy ýeňiş getiren gollary 15-nji minutda Baturina, 38-nji minutda Duwikas, 54-nji minutda Diao hem-de 90-njy minutda Perrone geçirdi.

18 ýyldan soň Çempionlar Ligasyna gatnaşýan “Fenerbahçe” topary öz meýdançasynda 7 ýyllyk arakesmeden soň bu ýaryşa dolanan “Roma” bilen 1-1 hasabynda deňme-deň oýnady. Duşuşykda Romadan Kristanteniň 39-njy minutdaky goluna “Fenerbahçeden” 48-nji minutda Arçi Brawn jogap berdi.

PSW bilen “Şahtýor Doneskiň” arasyndaky oýunda-da ýeňiş gazanan bolmady (Seržinio Dest 48 – Mendoza 45+1).