Italiýanyň çempionaty “Serie A”-da soňky çempion “Inter” öz meýdançasynda “Udineze” bilen duşuşdy. Oýna myhmanlar öňde başlady. Eýýäm 16-njy minuta çenli “Udineze” topary Abankwahyň (9) hem-de Ekkelenkampyň (16) gollary bilen 2-0 hasabynda öňe saýlandy. Ýöne “interli” futbolçylar şol gollardan soň depgini hasam güýçlendirip, 1-nji ýarym tamamlanmanka Augustonyň (26) hem-de Barellanyň (35) gollary esasynda hasaby deňlemegi başardy.
2-nji ýarymda, has takygy, 57-nji minutda Markus Turamy “Interi” öňe geçirse, Esposito 67-nji minutda aratapawudy hasam artdyrdy. 79-njy minutda Bonni “Udinezeniň” derwezesinden 5-nji goly geçirdi. Oýnuň 90+1-nji minutynda Idrisse Geýe “Udinezeniň” 3-nji goluny geçirse-de, bu myhmanlara ýeňiş üçin ýeterlik bolmady. Şunlukda, “Inter” 4-nji oýunda-da ýeňiş gazanyp, utuk ýitirmezden ýoluny dowam etdirýär.
“Inter” ýaly, utuk ýitirmän gelýän “Roma” topary myhmançylykda “Torinony” Donýell Maleniň hem-de Nikkolo Pisilliniň gollary esasynda 2-0 hasabynda utdy.
Indiki tapgyrda “Inter” myhmançylykda Roma” bilen duşuşar.
PDF








