Ýewropada milli ligalaryň täze möwsümine geçen awgust aýynyň soňky 2 hepdesinde badalga berildi. Ýöne muňa garamazdan, bir klub eýýäm tälimçisini ugradyp ýetişdi. Möwsüme juda şowsuz başlan “Fiorentina” Ýewropanyň TOP 5 çempionatynda täze möwsümiň tälimçisini çalşan ilkinji klub boldy. Italýan kluby ilkinji 3 duşuşykdaky şowsuz netijelerden soň Fabio Grossony topardan ugratdy. Benewşe reňkliler 48 ýaşyndaky hünärmeniň tälimçiliginde ilkinji 3 oýunda “Romadan” 4-0, öz meýdançasynda “Frozioneden” 3-0 hem-de “Torinodan” 2-1 hasaplar bilen asgyn geldi.
“Fiorentina” toparynyň tälimçiligine Paolo Wanoli bellenip, ol geçen möwsüm hem bu topary türgenleşdiripdi. 54 ýaşyndaky italiýaly hünärmen geçen ýylyň noýabrynda wezipä bellenip, iýunda-da işini taşlapdy.
PDF








