Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy barha işjeňleşýär. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ýurdumyzyň öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň goldanylmagy we degişli Kararnamalaryň kabul edilmegi şeýle diýmäge esas berýär. Şu ýylyň maý we iýun aýlarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň dowamynda, degişlilikde, «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» we «2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamalaryň kabul edilmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
BMG-niň işjeň we jogapkärli agzasy bolan ýurdumyz dünýäde parahatçylygyň, ynanyşmagyň we BMG-niň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalanmagy ugrunda nusgalyk tagalla edýär. Munuň şeýledigine dünýäniň 78 döwletiniň awtordaşy bolmagynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýyly» atly Kararnama aýdyň şaýatlyk edýär.
Türkmenistan döwletimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň çäklerinde adamzadyň öňünde durýan has derwaýys we wajyp meseleleri çözmek barada öz garaýyşlaryny beýan eder hem-de olaryň netijeli çözülmegine gönükdirilen anyk başlangyçlary öňe sürer. Ýurdumyz dünýä syýasatynyň wajyp meseleleri babatdaky anyk garaýyşlary we başlangyçlary öňe sürmegi, bu sessiýa parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy berkitmegiň bähbidine halkara jemgyýetçiligiň tagallalarynyň birleşdirilmeginiň möhüm tapgyry hökmünde garaýar. Nobatdaky sessiýada ýurdumyz Ählumumy parahatçylyk strategiýasyny işläp taýýarlamak boýunça döwletara geňeşmeleri geçirmegi meýilleşdirýär. Şeýle hem bu sessiýada hormatly Prezidentimiziň Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini esaslandyrmak baradaky teklibini iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin BMG we onuň düzüm birlikleri bilen degişli işler alnyp barlar. Bu ugurda nobatdaky ädim hökmünde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasynyň ýanynda Parahatçylygyň, bitaraplygyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň akademiki merkezini döretmek boýunça geňeşmeleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we energiýa serişdelerinden rejeli peýdalanmak meseleleri hem möhüm orny eýeleýär. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň başlangyjy boýunça howanyň üýtgemegi babatda başlangyçlaryň öňe sürülmegine ýardam bermäge gönükdirilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze meýdançasy hökmünde Aşgabat howa dialogyny döretmek teklip ediler. Şeýle hem bu sessiýada ynsanperwer ugurly birnäçe teklipleri öňe sürmek meýilleşdirilýär.
Adamzadyň abadan we asuda durmuşda ýaşamagy ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys.
Mamajan HAÝTMURADOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
PDF








