Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­my­zyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy bi­len hyz­mat­daş­ly­gy bar­ha iş­jeň­leş­ýär. BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan ýur­du­my­zyň öňe sür­ýän hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry­nyň gol­da­nyl­ma­gy we de­giş­li Ka­rar­na­ma­la­ryň ka­bul edil­me­gi şeý­le diý­mä­ge esas ber­ýär. Şu ýy­lyň maý we iýun aý­la­ryn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 80-nji ses­si­ýa­sy­nyň do­wa­myn­da, de­giş­li­lik­de, «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy we dur­nuk­ly ösüş işi­ni gol­da­mak­da hem-de ber­kit­mek­de bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­nyň or­ny we äh­mi­ýe­ti» we «2028-nji ýyl – Hal­ka­ra hu­kuk ýy­ly» at­ly Ka­rar­na­ma­la­ryň ka­bul edil­me­gi aý­ra­tyn bel­le­nil­mä­ge my­na­syp­dyr.
BMG-niň iş­jeň we jo­gap­kär­li ag­za­sy bo­lan ýur­du­myz dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň, yna­nyş­ma­gyň we BMG-niň çäk­le­rin­de ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň pug­ta­lan­ma­gy ug­run­da nus­ga­lyk ta­gal­la ed­ýär. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ne dün­ýä­niň 78 döw­le­ti­niň aw­tor­da­şy bol­ma­gyn­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan ka­bul edi­len «2028-nji ýyl – Hal­ka­ra hu­kuk ýy­ly» at­ly Ka­rar­na­ma aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär.
Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz BMG-niň Baş As­samble­ýa­sy­nyň 81-nji ses­si­ýa­sy­nyň çäk­le­rin­de adam­za­dyň öňün­de dur­ýan has der­wa­ýys we wa­jyp me­se­le­le­ri çöz­mek ba­ra­da öz ga­ra­ýyş­la­ry­ny be­ýan eder hem-de ola­ryň ne­ti­je­li çö­zül­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len anyk baş­lan­gyç­la­ry öňe sü­rer. Ýur­du­myz dün­ýä sy­ýa­sa­ty­nyň wa­jyp me­se­le­le­ri ba­bat­da­ky anyk ga­ra­ýyş­la­ry we baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­me­gi, bu ses­si­ýa pa­ra­hat­çy­ly­gy, dur­nuk­ly­ly­gy, howp­suz­ly­gy ber­kit­me­giň bäh­bi­di­ne hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­giň ta­gal­la­la­ry­nyň bir­leş­di­ril­me­gi­niň mö­hüm tap­gy­ry hök­mün­de ga­ra­ýar. No­bat­da­ky ses­si­ýa­da ýur­du­myz Äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­lyk stra­te­gi­ýa­sy­ny iş­läp taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça döw­le­ta­ra ge­ňeş­me­le­ri ge­çir­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Şeý­le hem bu ses­si­ýa­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Pa­ra­hat­çy­lyk we bi­ta­rap­lyk uni­wer­si­te­ti­ni esas­lan­dyr­mak ba­ra­da­ky tek­li­bi­ni iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çir­mek üçin BMG we onuň dü­züm bir­lik­le­ri bi­len de­giş­li iş­ler al­nyp bar­lar. Bu ugur­da no­bat­da­ky ädim hök­mün­de Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň Pa­ra­hat­çy­lyk we bi­ta­rap­lyk ka­fed­ra­sy­nyň ýa­nyn­da Pa­ra­hat­çy­ly­gyň, bi­ta­rap­ly­gyň we öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň aka­de­mi­ki mer­ke­zi­ni dö­ret­mek bo­ýun­ça ge­ňeş­me­le­ri ge­çir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Şeý­le hem eko­lo­gi­ýa howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne gar­şy gö­reş­mek we ener­gi­ýa se­riş­de­le­rin­den re­je­li peý­da­lan­mak me­se­le­le­ri hem mö­hüm or­ny eýe­le­ýär. Şu nuk­daý­na­zar­dan, ýur­du­my­zyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi ba­bat­da baş­lan­gyç­la­ryň öňe sü­rül­me­gi­ne ýar­dam ber­mä­ge gö­nük­di­ri­len köp­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze meý­dan­ça­sy hök­mün­de Aş­ga­bat ho­wa dia­lo­gy­ny dö­ret­mek tek­lip edi­ler. Şeý­le hem bu ses­si­ýa­da yn­san­per­wer ugur­ly bir­nä­çe tek­lip­le­ri öňe sür­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär.
Adam­za­dyň aba­dan we asu­da dur­muş­da ýa­şa­ma­gy ug­run­da uly ta­gal­la­la­ry ed­ýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäk­siz al­kyş aýd­ýa­rys.

Mamajan HAÝTMURADOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.