Şu günler eziz Diýarymyz toý ruhuna beslenýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýunyň joşguny obadyr şäherlerimizi gurşap alýar. Her ýylyň sentýabrynda geçirilmegi däbe öwrülen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäreleri bolsa, naýbaşy toýumyzyň dabaralaryna özboluşly öwüşgin berýär.
Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, pyýadalaryň we sürüjileriň ýol hereketiniň kadalary baradaky düşünjelerini ýokarlandyrmak, ýol-ulag hadysalaryň öňüni almak maksady bilen geçirilýän çärelere ildeşlerimiz işjeň gatnaşýarlar.
«Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäginde guralýan wagyz-nesihat, düşündiriş işleriniň netijeliligini gazanmakda edilýän tagallalar ýerine düşýär. Munuň şeýledigini edara-kärhanalarda, bilim ojaklarynda we çagalar baglarynda ýaýbaňlandyrylan wagyz-nesihat işlerinde çykyş edýän ildeşlerimiz hem aýratyn belläp geçýärler.
Gözel Diýarymyzyň aýna ýaly ýollary döwrebap durmuşymyzy has-da gözelleşdirýär. Gara ýollarymyz dünýä standartlaryna laýyk getirilip, awtoulaglara edilýän hyzmatlar ýokarlandyrylýar. Islendik zadyň edebiniň bolşy ýaly, ýollaryň hem öz tertip-düzgüni, kadalary bolýar. Bu, ilkinji nobatda, adamyň öz howpsuzlygy üçin wajyp bolup durýar. Ýollarda özüňi alyp barmagyň kadalarynyň pyýadalar we sürüjiler tarapyndan doly berjaý edilmegi möhümdir.
Eziz Diýarymyzda müňlerçe kilometre uzalyp gidýän döwrebap awtoýollar halkymyzyň howpsuz we rahat ýaşamagyny üpjün edýär. Ýurdumyzda hereket edýän kanunlar, kodeksler we kadalaşdyryjy hukuknamalar raýatlaryň bähbitlerine laýyklykda kabul edilýär. «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek çygrynda döwlet gözegçiligi amala aşyrylýar. Ösüp gelýän jemgyýetde ýaş nesliň abadan we rahat durmuşda ýaşamaklary üçin birnäçe kada-kanunlar durmuşa geçirilýär.
Bu biraýlygyň dowamynda ýurdumyzyň her bir künjeginde guramaçylykly we täsirli çäreleriň, maslahatlaryň geçirilmegi bilen ýol hereketiniň düzgünleri, pyýadalaryň we sürüjileriň wezipeleri barada nygtalyp geçilmegi ösüp gelýän ýaşlar üçin edilýän tagallalaryň biridir. Sebäbi ata Watanymyzda adamlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň biri hasaplanylýar.
Hakberdi REJEPOW,
Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrap polisiýa bölüminiň Polisiýanyň ýol gözegçilik bölümçesiniň wagyz-nesihat işleri boýunça gözegçisi, polisiýanyň kapitany.
PDF







