Germaniýanyň çempionaty “Bundesligada” 4-nji tapgyryň oýunlarynda badalga berlip, “Bawariýa” öz meýdançasynda “Union Berlini” derbi-dagyn etdi. 7-0 hasabynda ýeňiş gazanan “Bawariýanyň” düzüminde 18-nji minutda Alfonso Dewisiň asist etmeginde Jamal Musiala owadan gol bilen hasaby açdy. 39-njy minutda Harri Keýn penaltini dürs urup, hasaby 2-0-a ýetirdi. Bu onuň “Bundesligadaky” 100-nji goly hökmünde hasaba alyndy. 43-nji mintda Musialanyň pasyndan soň Olise duşuşykda 1-nji goluny geçirdi. 54-nji minutda ýene-de Keýn tapawutlanyp, bu gola Olise asist etdi. 70-nji minutda täze transfer Ismail Saibari topardaşy Dewisiň 2-nji asistini gola öwürdi. 73-nji we 76-njy minutlarda Maýkl Olise het-trigini tamamlap, toparynyň uly hasaply ýeňşine saldamly goşant goşdy. Onuň soňky 2 golunyň pasyny Tom Bişof berdi.

Mahlasy, duşuşykda “Bawariýadan” Olise 3, Keýn 2, Musiala hem-de Saibari 1 gol geçirdi. Dewis bilen Bişof 2, Musiala hem-de Olise 1 asist etdi.
Çempionatda diňe 1 oýunda utuk ýitiren “Bawariýa” 10 utuk bilen häzirlikçe öňde barýar.
PDF








