Angliýanyň çempionaty “Premier Ligada” 5-nji tapgyryň açylyş duşuşygynda London derbisinde “Çelsi” myhmançylykda “Brentforddan” uly hasap bilen asgyn geldi. 1-nji ýarymy golsuz geçen oýnuň soňky 30 minutynda ýer eýeleri jogapsyz 3 pökgini myhmanlaryň derwezesinden girizdi. Gollary 61-nji minutda Jeýdon Entoni, 83-nji minutda Igor Tiago hem-de 90+4-nji minutda Fabio Karwalýo geçirdi.

Bu “Çelsiniň” 2-nji ýeňlişi bolup, 7 utuk bilen häzirlikçe 7-nji basgançakda barýar.

Duşuşykda 86-njy minutda meýdança giren “çelsili” Mahdi Nikoll-Jazuli 2010-njy ýylda doglup, APL-de oýnan ilkinji futbolçy boldy.

“Çelsi” toparynyň ýanwar aýyndan bäri gol geçirtmedik duşuşygy ýok. Londonlylar täze möwsümde ilkinji minutlarda gol geçirip gelýärdi. Ýöne bu oýunda şol statistikalaryny gaýtalamak olara başartmady.