Kanada Ýewropa Bileleşiginiň taryhynda ilkinji «assosirlenen agzasy» bolmak çakylygyny kabul edip, bu ugurda möhüm ädim ätdi. Strasburgda Ýewropa Parlamentinde çykyş eden Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýeniň öňe süren bu başlangyjyny resmi taýdan goldady.
Bu hyzmatdaşlyk açyk bazarlary, özygtyýarlylygy, çäk bitewiligini, azatlyklary we kanunyň hökmürowanlygyny goramaga gönükdirilip, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklar, goranyş, energiýa howpsuzlygy, elektron söwda hem-de emeli aň ýaly ileri tutulýan ugurlarda gatnaşyklary has-da pugtalandyrmagy maksat edinýär. Taraplar bu başlangyjyň hiç bir döwlet ýa-da tarap üçin garşylykly häsiýete eýe däldigini, diňe birleşen tagallalar arkaly umumy bähbitleri goramaga niýetlenendigini nygtadylar.
Muňa garamazdan, ABŞ-yň Prezidenti Donald Tramp bu teklibi tankyt edip, bu ýagdaýyň söwda gatnaşyklaryna täsir etjekdigini belledi we Ýewropa bilen söwda ulgamynda çäklendirmeleriň hem-de gümrük paçlarynyň girizilip bilinjekdigini duýdurdy. Şeýle hem, ÝB-niň häzirki hereket edýän şertnamalarynda «assosirlenen agza» derejesi göz öňünde tutulmandygy sebäpli, bu täze statusy döretmek üçin Bileleşige agza bolan 27 döwletiň ählisiniň razylygy talap edilýär.
Mesele boýunça ýakyn wagtda ýüze çykýan soraglaryň we jikme-jiklikleriň aýdyňlaşmagyna garaşylýar. Başlangyjyň amaly taraplary we şertleri oktýabr aýynyň 29-30-na Monreal şäherinde geçiriljek «ÝB – Kanada» sammitinde jikme-jik ara alnyp maslahatlaşylar.