Ýaponiýanyň Premýer-ministri we Liberal-demokratik partiýasynyň (LDP) ýolbaşçysy Sanae Takaiti partiýanyň ýolbaşçylygynda möhüm üýtgeşmeler geçirip, durnuklylygy üpjün etmek hem-de esasy ýaranlaryny wezipelerinde saklamak arkaly partiýanyň syýasy dowamlylygyny berkidýändigini görkezdi. Bu özgertmeler geçen ýylyň oktýabrynda partiýanyň başlygy wezipesine saýlanan Takaitiniň ýolbaşçylygyndaky ilkinji giň gerimli täzeleniş boldy, emma ýerine ýetiriji düzümiň agzalarynyň köpüsi öz wezipelerini saklap galdylar.

Öňki Premýer-ministr Taro Aso LDP-niň wise-başlygy, Sýuniti Sudzuki bolsa partiýanyň baş sekretary wezipelerinde galmagyny dowam etdirdiler. Şol bir wagtyň özünde, parlament komitetiniň başlygy Hirosi Kadziýama Baş geňeşin başlygy wezipesine bellendi, onuň boşadan ornuna bolsa Hideki Murai bellenildi.

Ýaponiýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we ýerli habar gulluklarynyň belleýşi ýaly, partiýanyň içinde öz täsirli fraksiýasy bolmadyk Takaiti Aso we onuň ýakynlarynyň goldawyna bil baglaýar. Şeýle hem, Ýokarky palatanyň baş sekretary wezipesinden aýrylan Dzýuniti Isiýanyň ýerine Kazuhiko Aokiniň bellenmegi oppozisiýa bilen kanun çykaryjylyk we parlamendäki gatnaşyklary kadalaşdyrmaga gönükdirilendir.

Ýapon metbugatynyň maglumatlaryna görä, bu üýtgeşmeler geljek ýylyň güýzünde geçiriljek LDP başlygynyň içerki saýlawlaryna hem-de dartgynly kanun çykaryjylyk gün tertibine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek maksadyny  güýçlendirýär. Şunuň bilen birlikde, Ministrler Kabinetinde hem goşmaça özgertmeler geçirmegi meýilleşdirýän Premýer-ministr Ýaponiýanyň Innowasiýa partiýasynyň baş sekretary Hirosi Nakatsukany hökümetiň düzümine çekmäge taýýarlanýar, bu bolsa partiýalarara koalisiýanyň we hyzmatdaşlygyň has ýakyn derejä geçýändigini aňladýar.