Şu gün Russiýada Döwlet Dumasynyň dokuzynjy çagyrylyşyna deputatlary saýlamak we sebitleriň häkimiýet orunlaryna ses bermek boýunça parlament saýlawlary başlandy. Üç gün dowam etjek bu möhüm syýasy çäre esasy ses beriş güni bolan 20-nji sentýabra çenli dowam eder.
Ýurtda jemi 450 deputat orny ugrunda bäsleşik alnyp barylýar. Munuň ýarysy partiýa sanawy boýunça, galan 225-si bolsa bir mandatly okruglardan saýlanýar. Federal okrug boýunça sesler ugrunda 10 sany syýasy partiýa göreş alyp barýar we parlamente geçmek üçin 5 göterimlik bökdenji ýeňip geçmelidirler.
Bu gezekki saýlaw kampaniýasynyň esasy aýratynlyklarynyň biri sanly tehnologiýalaryň giňden ulanylmagy bolup durýar. Şunuň bilen birlikde, Täze düzgünleşdirmelere laýyklykda, Russiýada hemişelik ýaşaýan Belarus raýatlarynyň ýerli saýlawlara doly gatnaşmaga hukuk gazanandygy bellenilýär.
Ses berişlik gününde Belarus Respublikasyndan hem halkara synçylar, şol sanda parlamentariler we diplomatlar gözegçilik edýärler. Öz gezeginde, Belarusda ýaşaýan ýa-da wagtlaýyn bolýan rus raýatlary 20-nji sentýabrda sagat 08:00-den 20:00 aralygynda ýurtdaky diplomatik wekilhanalarda döredilen saýlaw uçastoklarynda ses berip bilerler.
Häzirki wagtda ses beriş boýunça işleriň barşyna GDA, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy we beýleki guramalaryň halkara synçylary tarapyndan gözegçilik amala aşyrylýar. Parlament saýlawlary bilen bir hatarda, birnäçe sebitlerde ýolbaşçylary we kanun çykaryjy edaralaryň wekillerini saýlamak boýunça hem ses berişlikler geçirilýär.
PDF








