Italýan futbolynyň meşhur ýyldyzlaryndan, Ýewropanyň çempiony Sandro Mazzola 83 ýaşynda aradan çykdy.
1942-nji ýylyň 8-nji noýabrynda Turinde dünýä inen Alessandro “Sandro” Mazzola tutuş karýerasyny diňe bir kluba bagyşlaýar. Ol 1960-1977-nji ýyllar aralygynda “Interde” oýnaýar. Mazzola Nerazzurilileriň köýnekçesini 567 oýunda geçip, 161 gol geçirýär. Meýdançanyň hüjüm tarapynda oýnan (ýarymgoragçy, hüjümçi) Mazzola Italiýanyň ýygyndysynda 70 duşuşykda 22 goly derwezä girizýär.

Mazzola “Inter” bilen “Serie A”-da 4 gezek çempionlyk gazanýar. 1964-nji we 1965-nji ýyllarda häzirki Çempionlar Ligasynyň (şol wagtky Çempion Klublaryň Kubogyny) hem-de Interkontinental Kuboga mynasyp bolýar. 1968-nji ýylda Italiýanyň ýygyndysy bilen Ýewropanyň çempionlygyny gazanýar. 1970-nji ýylda Dünýä Kubogynyň finalyna çykýar.
PDF








