Russiýanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň beren maglumatlaryna görä, «Ýedinaýa Rossiýa» partiýasy Russiýanyň Döwlet Dumasynyň saýlawlarynyň taryhynda özüniň iň köp mandatyna eýe boldy.
Ilkinji çaklamalara laýyklykda, 450 orunlyk Döwlet Dumasynda «Ýedinaýa Rossiýa» 355 orun alar. Ozalky çagyryşdaky parlamentde partiýa 310 deputat bilen wekilçilik edýärdi. Saýlawlarda bu partiýanyň görkezen sanawyna saýlawçylaryň 57,83 göterimi ses berdi. Mundan başga-da, partiýa bir mandat üçin bäsleşilýän 225 saýlaw okrugynyň 208-sinde ýeňiş gazandy.
Şeýle hem saýlawlarda bäş göterimlik çäklendirmäni ýeňip geçen beýleki dört sany partiýa hem parlament düzümine girdi. Olardan Russiýanyň Kommunistik partiýasy 13,76%, Liberal-demokratik partiýa 9,01%, «Täze adamlar» partiýasy 7,96% we «Adalatly Rossiýa» partiýasy 5% ses aldy. Şeýle hem saýlaw okruglary boýunça geçirilen bäsleşikde Kommunistik partiýanyň dalaşgärleri 5 ýerde, “Adalatly Rossiýa” partiýasynyň dalaşgärleri 4 ýerde, liberal-demokratlar 2 ýerde, “Rodina” partiýasy bolsa 1 ýerde ýeňiş gazandy.
Deslapky hasaplamalara görä, täze düzüljek parlamentde Kommunistik partiýa 40, Liberal-demokratik partiýa 25, «Täze adamlar» 20, «Adalatly Rossiýa» 4 we «Rodina» partiýasy 1 mandat alar. Uzak aralykdan elektron ses berişliginiň netijelerinde bolsa «Ýedinji Rossiýa» 49,06%, «Täze adamlar» 15,42%, Kommunistik partiýa 12,26% we Liberal-demokratik partiýa 10,79% ses gazandy.
Russiýanyň 9-njy çagyryş Döwlet Dumasyna deputatlary saýlamak boýunça ses berişlik 18-20-nji sentýabr aralygynda 3 günläp geçirildi.
PDF








