Saglygymyz üçin şahsy arassaçylygymyza üns berilmelidigi hemmämize mälimdir. Gadymy döwürlerden bäri peýdalanylýan arassaçylyk serişdeleriniň biri hem sabyndyr. Eýsem, sabyn bedenimizdäki kiri nädip aýyrýarka?! Aslynda, sabynyň mikroby ýok ediji häsiýeti ýok. Adatça, derimizde guran der, dürli bakteriýalar, bedenimizden çykan ýaglar we tozan bolýar. Sabyn köpürjikleri olaryň derimizden aýrylmagyny üpjün edýär. Suw bilen ýagy (islendik görnüşini) şol bir gaba guýsaňyz, bir-birine garyşmaýandygyny görersiňiz. Sebäbi, suw we ýag molekulalary bir-birini itýär. Elimiz diňe suw bilen ýuwlanda, deridäki ýag gatlagy suwuň derä degmegine päsgelçilik berýär we talabalaýyk arassaçylyk bolmaýar. Sabyn köpürjigi ýagy we onuň ýüzündäki ähli kiri aýyrýar. Sabynyň ylym dünýäsine mälim bolan taryhy 2000 ýyldan hem gowrakdyr. 4000 ýyl ozal bolsa, käbir ösümligiň külüniň arassaçylyk üçin peýdalanylandygy aýdylýar. Sabyn ähli döwürde-de arzan we aňsatlyk bilen tapylýan zatlardan taýýarlanypdyr. Rimliler sabyny hek daşyny gyzdyryp, ony agajyň külleri bilen garyşdyrypdyrlar. Emele gelen çal reňkli hamyra ýag guýup, ony birnäçe sagat gaýnadypdyrlar. Şonuň netijesinde goňur reňkli gaty sabyn emele gelipdir. Ol kesilip, arassaçylyk serişdesi hökmünde ulanylypdyr.
Her sabynda aşgar maddasy we ýagyň goşundysy bar. Häzirki wagtda aşgar hökmünde hekiň ýerine kaustik maddasy ulanylýar. Şeýle hem sygyrdan, goýundan alnan doň ýaglar, hurma, pagta we zeýtun ýaglary ulanylýar. Sabyn molekulalarynyň bir ujy ýagy, beýleki ujy suwy özüne çekýär. Ellerimizi owkalanymyzda ýag we derimizdäki kir bilen bilelikde bakteriýalar hem bölünýär. Sabyn molekulalary bu ýagly kirleri gurşap alyp, suw bilen bilelikde derimizden aýrylmagyny üpjün edýär. Häzirki wagtda bolsa, sabynyň düzüminde käbir goşundylar – reňklendirijiler, hoşboý yslar, bakteriýa aýryjy maddalar bar. Arassaçylyk serişdesine kaustik ýerine kaliniň goşulmagy bilen suwuk sabyn taýýarlanýar.