ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putini dekabr aýynda Florida ştatynyň Maýami şäherinde geçiriljek G20 (Uly ýigrimilik) sammitine çagyrdy. Ol bu çakylygyň rus tarapyndan kabul ediljekdigine umyt edýändigini mälim etdi. Eger Russiýanyň Prezidenti bu çakylygy kabul etse, bu onuň 2019-njy ýyldan bäri G20 sammitlerine ilkinji göni gatnaşmagy bolar.
Bu sapar Wladimir Putiniň ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen ýüzbe-ýüz duşuşmagy üçin hem amatly mümkinçilik döredip biler. Olar mundan ozal 2025-nji ýylda Aýaskada duşuşypdylar. Şol bir wagtda, liderleriň gatnaşmagy mümkin bolan ýene bir möhüm çäre – noýabr aýynda Hytaýyň Şençžen şäherinde geçiriljek Aziýa-Ýuwaş umman ykdysady hyzmatdaşlygy (AÝUYH) sammitidir.
Russiýanyň döwlet metbugatynyň habar bermegine görä, Wladimir Putin 2026-njy ýylyň 18-19-njy noýabrynda Hytaýda geçiriljek AÝUYH sammitine gatnaşmagy meýilleşdirýär. Bu onuň 2017-nji ýyldan bäri bu guramanyň sammitine ilkinji gatnaşmagy bolar. Häzirlikçe ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bu sammite gatnaşjakdygyny resmi taýdan tassyklamady, ýöne ol ozal Hytaýa gaýtadan sapar etmek mümkinçiligini mälim edipdi.
PDF








