Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakynda
Ata Watanymyz ähli ugurlar boýunça buýsandyryjy netijeleri gazanyp, mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramyny beýik ýeňişlere, şöhratly wakalara besleýär. Agzybirligiň, abadan we bagtyýar durmuşyň mekanyna öwrülen güneşli Diýarymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanýan uly üstünlikleri, ýeten belent sepgitleri, dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanýan oňyn bitaraplyk daşary syýasaty bilen bütin dünýäde uly abraý-hormata eýe bolýar.
Garaşsyz Watanymyzyň üstünliklerinde, mähriban halkymyzyň agzybirligini we jebisligini berkitmekde, ýaş nesillerimizi ata-babalarymyzdan galan milli däplerimize laýyklykda terbiýelemekde ýaşuly nesliň hyzmaty uludyr. Il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli möhüm meseleleri maslahatlaşyp-geňeşip çözmäge, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelere parasatly ýaşulularymyz işjeň gatnaşýarlar. Möhüm ähmiýetli başlangyçlara olaryň ak patasy bilen badalga berilýär. Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny halkymyza wagyz etmekde hem sarpaly ýaşulularymyz netijeli işleri alyp barýarlar. Agzybir jemgyýetimizde ýaşuly nesliň ornuna, ýaşlary watançylyk, zähmetsöýerlik, halallyk, ahlaklylyk we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde bitirýän hyzmatlaryna döwletimiz ýokary baha berýär.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny berkitmekde, milli däp-dessurlarymyzy ösdürmekde, mähriban halkymyzyň agzybirligini hem-de jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesle edep-terbiýe bermekde uly işleri bitirýändiklerini hem-de durmuşda asylly görelde nusgasyny görkezýändiklerini nazara alyp, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli, karar edýärin:
Ýurdumyzyň şu raýatlaryna Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmaly:
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň türkmen sazy kafedrasynyň professory Elaman Nurymowa,
Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýetiniň Aşgabat şäherindäki «Baba Aly mes» dini guramasynyň baş ymamy Durdymyrat Bäşimowa,
Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň ýaşaýjysy, pensioner Şamuhammet Ballykowiç Şammaýewe,
«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň ses operatory Annabaýram Hojalyýewiç Paýaýewe,
Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň «Köne Sarahs» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň ýadygärlikleri öwrenmek, hasaba almak we pasportlaşdyrmak bölüminiň müdiri Babajan Amanowiç Gylyjowa,
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň ýaşaýjysy, pensioner Hojageldi Rejepowa,
Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Arapgala geňeşliginiň Arapgala obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Aba Berdiýewiç Abaýewe,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher köpugurly hassahanasynyň inçekesel bölüminiň müdiri Gurban Gurbangeldiýewiç Gurbanowa,
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabyndaky «Senagat plastik» hojalyk jemgyýetiniň garawuly Hydyr Öwezowiç Arazowa,
Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň Gyzylarbat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Rejepdurdy Aşyrowiç Tagyýewe,
Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Ýolly Güýjowa,
Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Agöýli geňeşliginiň Üzümbag obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Allamyrat Garlyýewe,
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Maslahat geňeşliginiň Maslahat obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Begjan Dowletowa,
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Lebap welaýatynyň Saýat etrabyndaky 30-njy orta mekdebiniň müdiri Annamuhammet Weliýewiç Garaýewe,
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Ereşbaý Jumaniýazowa,
Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň Astanababa şäherçesiniň ýaşaýjysy, pensioner Hudaýnazar Ödäýewe,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň utgaşdyryjysy Berdimyrat Sylabowiç Ýakubowa,
Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Mollanepes adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Aýdogdy Orazdurdyýewiç Paltaýewe,
Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň Mekan şäherçesiniň ýaşaýjysy, pensioner Muhommetmurat Atageldiýewiç Berdiýewe.
PDF








