Halkara derejesindäki abraýly Buker baýragynyň 2026-njy ýyldaky gysga sanawy mälim edildi. 163 sany ýüz tutmadan saýlanyp alnan 6 sany çeper roman bäsleşigiň finalyna çykdy we ýeňijiniň ady 9-njy noýabrda Londonyň «Old Billingsgate» merkezinde dabaraly ýagdaýda yglan ediler. Baş baýraga 50 müň funt sterling, galan finalistleriň her birine bolsa 2,5 müň funt möçberinde pul sylagy gowşurylar.
Finalçylaryň hataryna Angliýadan, Şotlandiýadan, ABŞ-dan we Ýamaýkadan ýazyjylar girdi. Bu gezekki eminler toparynyň düzümi özboluşly boldy. Eminler toparyna britaniýaly taryhçy we telealypbaryjy Meri Bird ýolbaşçylyk edip, oňa şahyr Reýmond Antrobus, «Pulp» toparynyň ýolbaşçysy Jarwis Koker, tankytçy Rebekka Lýu we ýazyjy Patrisiýa Lokwud gatnaşdylar. Antrobusyň sözlerine görä, eminleriň her biriniň başda öz gysga sanawy bolup, jemleýji saýlaw gyzgalaňly jedelleriň esasynda amala aşyryldy.
Bäsleşige gatnaşýanlaryň arasynda ozalky ýeňijiler hem bar. Ýamaýkaly romançy Marlon Jeýms 2015-nji ýylda «Ýedi jenaýatyň gysga taryhy» bilen, şotland-amerikan awtory Duglas Stýuart bolsa 2020-nji ýylda ilkinji «Şaggi Beýn» romany bilen bu baýraga eýe bolupdylar. Eger olaryň biri ýene-de ýeňiş gazansa, bu baýragyň taryhynda bir awtoryň ikinji gezek üstün çykmagynyň bäşinji ýagdaýy bolar. Şeýle hem Elizabet Straut ozalky bäsleşiklerdäki üstünlikleri (2016-njy ýylda uzyn sanawa, 2022-nji ýylda bolsa gysga sanawa düşmegi) bilen tanalýar, Rebekka Perri bolsa bu sanawdaky ýeke-täk täze ýazyjy hökmünde çykyş edýär.
Gysga sanawa giren çeper eserler dürli temalary öz içine alýar. Duglas Stýuartyň «Jon, Jonyň ogly» (John of John) romany Şotlandiýanyň Harris adasyndaky maşgala syrlaryny beýan etse, Marlon Jeýmsiň «Ýitip barýanlar» (The Disappearers) atly eserinde 1988-nji ýyldaky Kingston şäheriniň wakalary we ynsan ykballary açylyp görkezilýär. Elizabet Straut «Hiç wagt aýtmaýan zatlarymyz» (The Things We Never Say) romanynda agyr içerki saýlawy başdan geçirýän mugallym hakynda gürrüň berýär.
Şeýle hem Maýkl Jon Herrison «Hemme zadyň ahyry» (The End of Everything) romany arkaly apokalipsisden soňky Britaniýany suratlandyrýar, Luk Kennard «Gara torba» (Black Bag) romanynda geň synaga razy bolan aktýoryň başyndan geçenlerini beýan edýär, Rebekka Perriniň «Patyşa hyzmat ediň?» (May We Feed the King) atly eserinde bolsa orta asyr jaýlarynyň içerki bezegini dikeldýän muzeý kuratorynyň işi beýan edilýär.
Ýalap geçsek, 2025-nji ýylda bu baýraga Dewid Saläý «Et» (Flesh) romany bilen, 2024-nji ýylda bolsa Samanta Harwi «Orbitada» (Orbital) kitaby bilen mynasyp bolupdy.
PDF








